04/07/2023
1104
Arkadag şäherindäki döwrebap atçylyk sirki
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýurdumyzda döredijiligiň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň şöhratly ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly taryhy wakalara beslendi. Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän Arkadag şäheriniň açylmagy bolsa şeýle taryhy wakalaryň biridir. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan bu täsin şäheriň gurulmagy ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan we häzirki döwürde Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam etdirilýän ägirt uly özgertmeleriň anyk netijesidir. Arkadag şäheriniň Diýarymyzyň gadymy künjekleriniň birinde, pederlerimiziň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan ýerinde gurulmagy aýratyn bellärliklidir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bu ägirt uly şähergurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş ugurly we ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, onuň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Mälim bolşy ýaly, bu iri taslamany iki tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirildi. Häzirki wagtda gurluşygyň birinji tapgyry tamamlanyp, onuň çäklerinde medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy guruldy. Täze şäherde Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphananyň, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebiniň, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebiniň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň, Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň binalary hem-de medeniýet we sungat işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlary we birnäçe dünýä ülňülerine laýyk gelýän binagärçilik desgalary gurlup ulanmaga berildi. Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki hem täze şäheriň ajaýyplyklarynyň biridir. Onuň nal şekilinde gurlan täsin binasy dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýörite enjamlar we tehnologiýalar bilen üpjün edildi. Sirkiň çykyşlary görkezmek üçin niýetlenen tegelek meýdançasynyň diametri 13 metre barabardyr, tomaşa zaly bolsa 1500 orunlykdyr. Sirkde bedewleri saklamak, olara ideg etmek, türgenleşikleri geçirmek, artistleriň netijeli işlemegi we tomaşaçylar üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy. Şäherde bina edilen beýleki desgalarda bolşy ýaly, sirkiň daşky we içki bezeginde-de milli binagärligiň däp bolan ýörelgeleri, häzirki döwrüň binagärliginiň gazananlary sazlaşykly ulanyldy. Arkadag şäheriniň açylmagy müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan we täze özgertmeler eýýamynda mynasyp dowam etdirilýän, döwürleriň arabaglanyşygyny, nesilleriň dowamatlylygyny, eziz Watanymyzyň saýlap alan döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny görkezýän ata Watanymyzyň şöhratly taryhynda ýene-de bir aýdyň sahypany alamatlandyrdy.
Hojamyrat BAÝLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI