23/06/2023
1367
Arkadag şäheri halkyň guwanjy
Arkadag şäheri halkyň guwanjy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde, binagärlik we şähergurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde, döwrebap obalary, şäherçeleri gurmakda, durmuşymyzyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmakda, sebitleri hemmetaraplaýyn ösdürmekde, her bir raýatyň abadan durmuşyny üpjün etmekde mynasyp işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda bina edilýän Arkadag şäheri şeýle ajaýyp işleriň anyk subutnamasydyr. Arkadag şäherinde ýerleşýän möhüm desgalaryň mynasyp atlandyrylmagy bolsa, esasy wakalaryň biridir. Merkezdäki Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebine meşhur seýis, ussat atşynas, şan-şöhraty dünýä dolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň ugurbaşy nesillerini döreden halypa seýis Aba Annaýewiň adynyň dakylmagy we “Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy” diýip atlandyrylmagy, mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine zähmetsöýer we zehinli mugallym, ýalkymly watançy, edermen esger, ilhalar ynsan, ynsanperwerlik we adalatlylyk ugrunda gaýduwsyz göreşiji Berdimuhamet Annaýewiň adynyň dakylmagy we “Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi” diýip atlandyrylmagy, lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine tanymal şahsyýet, birnäçe döwlet sylaglarynyň eýesi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Saçly Dursunowanyň adynyň dakylmagy we “Saçly Dursunowa adyndaky Ahal welaýat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi” diýip atlandyrylmagy, Ahal atçylyk sirkine batyrlygyň, mertligiň nusgasy hökmünde taryha giren, türkmen halkynyň milli gahrymany Göroglynyň adynyň dakylmagy we “Ahal welaýatynyň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki” diýip atlandyrylmagy, welaýat kitaphanasyna türkmen halkynyň nusgawy akyldar şahyry, ynsanperwerlik, agzybirlik, adalatlylyk, parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyran, nesillere ahlak gözelliginiň kämil nusgasyny miras galdyran, meşhur “Wagzy-Azat” eserini döreden Döwletmämmet Azadynyň adynyň dakylmagy we “Döwletmämmet Azady adyndaky Ahal welaýat kitaphanasy” diýip atlandyrylmagy, drama teatryna türkmen teatr sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri, meşhur artist, režissýor hem dramaturg, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Aman Gulmämmedowyň adyny dakmagy we “Ahal welaýatynyň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry” diýip atlandyrylmagy, täze şäheriň ýörite sungat mekdebiniň “Sahy Jepbarow adyndaky Ahal welaýat ýörite sungat mekdebi” diýlip atlandyrylmagy, çagalar sungat mekdebine hem Şükür bagşynyň adynyň dakylmagy ýurdumyzda halypalara goýulýan belent sarpadan nyşandyr. Dag eteginiň gözel künjeginde bina edilýän Arkadag şäheri täze taryhy döwrümiziň döredijilik keşbiniň özboluşly beýanydyr. Biri-birinden owadan ymaratlar, akylly öýler, seýilgähler, aýna ýaly tekiz ýollar we beýleki gözellikler täze şäherde ýaşajak ildeşlerimiziň hyzmatynda bolar. Täze şäherde ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, zähmet çekmegi we ilhalar adamlar bolup ýetişmegi babatynda göz öňüne tutulýan amatlyklar buýsanjymyza buýsanç goşýar.
Gurbanmyrat AKMÄMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji yyl talyby.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI