12/07/2023
1527
ARKADAG ŞÄHERI DÜNÝÄ DEREJESINDE YKRAR TAPÝAR
Öňde bir ýazyjynyň “Ýaşalan günlere däl, ýatda galan pursada ömür diýilýär” diýen ajaýyp jümlesi bar. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň” 29-njy iýunynda Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy, tutuş milletiň, halkyň ömründe ýatda galan ýakymly pursat, şeýle hem türkmen taryhy sahypasyna altyn harplar bilen ýazylan beýik sene boldy. Şol gün diňe bir ýurdumyzyň däl, tutuş dünýä mediýasy Arkadag şäherine gönükdirildi.
Bilşimiz ýaly, 2019-njy ýylyň 4-nji martynda Gahryman Arkadagymyzyň täze şäheri gurmak baradaky Karary kabul edilipdi. Şol ýylyň 10-njy aprelinde bolsa, Arkadag şäheriniň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Şeýle az wagtyň içinde döwrebap sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen akylly şäheri gurmaklygyň özi ýurdumyzda halk hakyndaky aladanyň aýdyň subutnamasydyr. Şäheriň birinji tapgyrynda 336 sany bina we desga, şol sanda ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary, dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen çagalar sagaldyş dikeldiş merkezi, hassahanalar, orta mekdepler, çagalar baglary, edara binalary, inženerçilik ulgamlary we beýleki möhüm ähmiýetli desgalar gurlup ulanylmaga berildi. Has takygy, 11 sany jemgyýetçilik binasy, 25 sany edara binasy, 19 sany bilim edarasy, 258 sany ýaşaýyş jaýy, 9 sany saglyk we sport binasy guruldy. Olar bilen bir hatarda, inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň hem 14-siniň gurulmagy taslamanyň örän giň geriminden habar berýär. Sebitde deňi-taýy bolmadyk bu uly taslamanyň tutuşlygyna sanly ulgamlar arkaly üpjün edilmegi şäheriň dünýä standartlaryna doly laýyk gelýändigini tassyklaýar. Bu ugurda “Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň”, “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” durmuşa geçirilişi aýratyn orna eýedir.
Akylly şäheriň akylly hyzmatlary hökmünde tüsseçykarsyz taksileri, tokda hereket edýän elektrobuslary aýtmak bolar. Ähli amatlyklar bilen üpjün edilen elektron awtoulaglarda raýatlar üçin ähli şertler üpjün edilendir.
Arkadag şäherindäki binalaryň ählisiniň sanlaşdyrylmagy, şäheriň halkara derejesinde ykrar edilmegine esas berýär. Türkmenistanda ilkinji akylly Arkadag şäheriniň “ÝHHG-niň sebitinde durnukly, “ýaşyl” howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna girizilmegi şäheriň halkara derejesindäki ykrarnamasydyr. Şäheriň birinji tapgyrynyň gurluşygy, bu ugurda alnyp barylan işler barada takyk maglumatlar Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna sowgat beren “Arkadag şäheri – geljegiň şäheri” atly kitabynda öz beýanyny tapýar.
Şol gün ir säher bilen Arkadag şäheriniň ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiziň, daşary ýurtly synçylaryň, ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň, medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda şähere dürli ugurlar boýunça halkara sylaglaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Arkadag şäherine halkara güwanamalaryň we diplomlaryň 21-siniň berilmegi bu asylly işleriň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Şeýle hem şol gün, Arkadag şäheriniň häkimliginde ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Ýagny, Arkadag şäheri bilen Kazan şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Ylalaşyga, Arkadag şäheri bilen Telawi şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda ylalaşyga gol çekildi. Bularyň ählisini bolsa, döwrebap Arkadag şäheriniň dünýä derejesindäki ykrary hökmünde aýtmak bolar.
Köpetdagy etekläp oturan, dünýä standartlaryna laýyk gelýän ähli amatlyklar bilen üpjün edilen Arkadag şäherini synlanyňda ýurdumyzyň ösüşlerine bolan buýsanjyň has-da artýar. Sebäbi bir jümle bilen aýdanyňda Arkadag şäheri – baky bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň mesgenidir!
Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI