627
Arkadag şäheri bir ýaş toýuny toýlaýar
Gurýan, döredýän döwlet kuwwatlydyr. Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 29-njy iýunynda sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäheriň — Arkadag şäheriniň dabaraly ýagdaýda açylmagyna bir ýyl dolýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Şonuň netijesinde, ýurdumyzda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar.
Arkadag şäheri türkmen topragynda durmuşyň haýran galdyryjy derejede öňe gidýändiginiň, guwandyryjy ösüşlerimiziň aýdyň güwäsidir. Şunuň bilen baglylykda, Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Arkadag şäheriniň 1 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabaralaryna hem giň orun berilýär. Baý mazmunly çärelerde täze şäheriň sazlaşykly ösüşi, ilatyň bagtyýar durmuşy, bu künjegiň ajaýyplyklary öz beýanyny tapýar.
Arkadag şäheri — ýaşlaryň şäheri. Köpetdagyň etegindäki, sebitdäki ilkinji «akylly» şäheriň edaralarynyň, gulluklarynyň ýolbaşçy wezipelerine ýaşlaryň bellenilmegi şeýle diýmäge esas berýär. Halkymyzyň şöhratly taryhyny, milli binagärlik ýörelgelerini dabaralandyrýan Arkadag şäherinde geçmişde öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetleriň atlary ebedileşdirildi. «Arkadag» teleýaýlymynyň, «Arkadag» gazetiniň döredilmegi şäheriň täze taryhynyň şatlykly wakalaryna öwrüldi.
Arkadag şäherinde bagtyýar, rahat ýaşamak üçin ähli mümkinçilikler jemlenendir. Gülläp ösýän oba-şäherlerimize, gözelligiň, tämizligiň, ýaşlygyň hem bagtyýarlygyň şäheri bolan Arkadag şäheri biziň buýsanç duýgularymyzy has-da artdyrýar. Bu şäher Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly ýörelgäniň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen mukaddes şygary öňe süren Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan iş ýüzünde üstünlikli dowam etdirilýändigini görkezýär.
Halkymyzyň bagtyýar günleriň gujagynda eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Aýsona Amanjaýewa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.