03/07/2023
677
AKYLDARYŇ HORMATY
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy golaýladygyça ýurdumyzda akyldar şahyra bagyşlanyp geçirilýän dürli derejedäki dabaralaryň sany artýar. Şeýle dabaralaryň biri 26-njy iýunda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy” ady bilen paýtagtymyzdaky Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirildi. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretarynyň, şeýle-de dürli ýurtlara wekilçilik edýän alymlaryň, hünärmenleriň gatnaşmagy akyldar şahyra bagyşlanan halkara ylmy maslahata berilýän ähmiýetiň ýokarylygyndan habar berýär.
Magtymguly Pyragynyň adyny uly buýsanç bilen göterýän uniwersitetde dünýä alymlary akyldar şahyryň döredijiligi, pelsepä ýugrulan dünýäsi hakda täsirli çykyşlar etdiler. Olar bu forumyň şahyryň edebi mirasyny köptaraplaýyn esasda öwrenmekde aýratyn ähmiýetlidigini bellediler. Bagdad uniwersitetiniň professory “Magtymguly Pyragy” medalynyň eýesi Ibrahim Mustafa el-Hamadyň Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň arap diline terjime edilendigi baradaky aýdan buýsançly habary akyldaryň parasat hazynasyndan paýly ynsanlaryň has-da artjakdygyny görkezýär.
Halkara ylmy maslahat öz işini “Pyragy hem Arkadag – köňüllere şamçyrag”, “Magtymguly we onuň zamanasy”, “Magtymguly we Gündogar edebiýaty”, “Magtymgulynyň şygryýet älemi” ýaly bölümçelerde dowam etdi. Biziň ýokary okuw mekdebimizde “Magtymgulynyň döredijiliginde ynsanperwerlik” atly bölümçe dowam edip, onda dürli ýurtlardan gelen magtymgulyşynaslaryň özara pikir alyşmalary institutymyzyň ýaş mugallymlarydyr talyplary üçin täsirli boldy.
Şeýle halkara ylmy maslahatyň biziň ýurdumyzda Türki döwletleriň Medeniýet hepdeliginiň dowam eden günlerinde geçirilmeginde uly many bar. Sebäbi TÜRKSOÝ guramasynyň 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýip yglan etmegi, akyldar şahyryň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi ajaýyp zamanamyzda akyldar şahyryň halklary birleşdirýän ruhy güýje öwrülýändigini görkezýär.
Halkara ylmy maslahata gatnaşan myhmanlaryň her biri gözel Diýarymyz myhmansöýer halkymyz hakdaky ýakymly duýgulary özleri bilen alyp gidýändikleri, bu topraga ýene gonak bolmak arzuwlary hakda aýdanlary şahyryň hormatyna guralan halkara forumyň şowly geçendigini alamatlandyrýar. Hawa, myhmanlaryň arzuw edişleri ýaly, bu toprak dostanalygy hemra edinen alymlary ýene-de öz goýnuna jemlär. Çünki hormatly Prezidentimiziň halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda aýdyşy ýaly: “Medeni baýlyklar, milli ýörelgeler halklary birek-birek bilen ýakynlaşdyrýan gymmatlyklardyr”.
Aýjan OMAROWA,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara Gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
Makala “EDEBIÝAT we SUNGAT” gazetinde 30.06.2023 senesinde çap edildi.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI