21/06/2023
721
Ak bagtyň şäheri
Ulus-ilimiz ajaýyp döwrümizde taryhy ösüş-özgertmelere şaýat bolup gelýär. Her günümiziň şatlykly wakalara, üstünliklere beslenmeginiň özi baky bagtyýarlykdan nyşandyr. 16-njy iýunda Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryna badalga berilmegi-de taryhy ähmiýetli waka öwrülip, her birimiziň nowjuwan döwrümize bolan buýsanjymyzy goşalandyrdy. Köpetdagyň eteginiň gözel künjeginde gurlan Arkadag şäheriniň güneşli Diýarymyzyň taryhyndaky iň iri gurluşyk taslamasydygyny bellemegiň özi hem ýakymly. «Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan täze şäherdäki bir-birinden owadan kaşaň ýaşaýyş jaýlary, edaralar, bilim-terbiýeçilik, medeniýet ojaklary, saglygy goraýyş, sport maksatly desgalar, seýilbaglar, aýna ýaly tekiz ýollar we beýleki köp sanly binalar göreniň akylyny haýrana goýýar. Ýurdumyzda bina edilen ilkinji «akylly» şähere Arkadag adynyň dakylmagy bolsa, halkymyzyň isleg-arzuwynyň wysal tapmasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň daşyna berk jebisleşen ruhubelent halkymyz ýene-de sanlyja günden täze şäheriň açylyş dabarasyna şaýat bolar, ençeme maşgalalar ol ýerde jaý toýlaryny toýlar, bagtyýar ildeşlerimiziň uly toparyna ýokary amatlykly şertlerde işlemek bagty miýesser eder. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýakyn günlerde ulanmaga beriljek Arkadag şäheri döwrebap desgalary bilen taryhymyzyň altyn sahypalaryna ýazylar. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryna hakyky toý ruhunda badalga berilmegi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň iň şatlykly pursatlaryny peşgeş berdi. Bu taryhy pursatlara ildeşlerimiziň köpsanlysy şaýat boldy. Täze şäheriň gurluşygynyň nobatdaky tapgyrynyň önümçilik kuwwatlyklaryny hem öz içine alýandygyny buýsanç bilen nygtamak gerek. Şeýle desgalaryň gurulmagy milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna, şäher ilatynyň abadançylygynyň we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine oňyn täsirini ýetirer. Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryna badalga bermek mynasybetli geçirilen toý gününde Arkadag şäheriniň edara-kärhanalarynyň işgärlerine niýetlenen döwrebap gulluk awtoulaglarynyň açarlarynyň gowşurylmagy, şeýle-de dabara gatnaşyjylara «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly kitabyň sowgat berilmegi hem buýsançly pursatlardyr. Bagtyýarlygyň mekany bolan Arkadag şäheri halkymyzyň buýsanjydyr, bagtyň şäheridir. Şoňa görä-de, bagtdan paýly ildeşlerimiz täze şäheriň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Goý, şeýle ajaýyp şäheri gurduran Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň döwletli başlangyçlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Agahan AGAHANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Makala 21.06.2023 senesinde “Ahal durmuşy” gazetiniň 4-nji sahypasynda çap edildi.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI