20/12/2024
81
«Ähli mekan-zamanlaryň çyn-hakyky raýaty»
Adamzat taryhynyň asyrlaryň alyslyklaryna uzap gidýän heňňamlaryna nazar aýlap göreniňde, umumadamzat medeni we ruhy gymmatlyklaryna uly goşant goşan beýik şahsyýetleriň ençemesiniň bolandygyna göz ýetirmek bolýar.
Olaryň dünýä medeniýeti baýlaşdyran ajaýyp döredijiligi diňe bir döwre, bir halka däl, eýsem, ähli halka, ähli döwre degişlidir. Şol beýik şahslaryň biri hem dünýä edebiýatynyň şamçyragy Magtymguly Pyragydyr. Onuň dürdäne şygyrlary halkyň kalbynda baky orun almak bilen, olar ýyllar geçip, asyrlar aşsa-da, gymmatyny-da, ähmiýetini-de ýitirmän, göýä, göwher kimin barha nurlanýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň örän jaýdar belleýşi ýaly: «Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr. Magtymgulynyň şygryýet älemi — türkmen edebiýatynyň buldurap akýan, çuňňur mana we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşmesi».
Magtymgulynyň döredijiligi örän köp taraplydyr. Onuň eserleri tema taýdan dürli-dürli bolup, olardan sosial-syýasy, ykdysady, öwüt-nesihat, söýgi, dünýä meselesi, dini äheňler, dürli rowaýatlar bilen baglanyşykly döredilen şygyrlar şahyryň döredijiliginiň esasyny tutýar. Dana Magtymgulynyň döredijiliginiň iň esasy agramly bölegi adam we onuň ykbaly hakdaky meseledir.
Dana şahyr ynsanlary söýmekligi, hormatlamaklygy, olaryň namysyny, mertebesini goramaklygy özüne hemişelik hemra edinipdir, päk ýürekden hyzmat edipdir. Ol adamyň ykbalyna parhsyz garaýanlary, olara ýüregi agyrmaýanlary ynsan hasaplamandyr, olary ajy sözler bilen tankytlapdyr, haýwanlara, mör-möjeklere deňäpdir:
Ýagşylykda ile özün tanadan –
Alkyş alyp derejesi zor bolar.
Ýaman bolup, ýagşylygy unudan –
Öz yzzatyn gidir, itden har bolar.
Ynsanperwerligiň belent nusgasyny görkezen parasatly alym, şahyr Magtymguly hemişe adam aladasy bilen ýaşaýar. Öz döwrüniň beglerine, hanlaryna ynsanyň kimligine garamazdan, sarpasyny tutmaga ýardam, goldaw etmäge çagyrýar:
Asla adamzada ajy söz urma,
Pakyra-misgine delalat ýagşy.
Ýetimi göreňde güler ýüz bergil,
Goldan gelse, oňa tagam-duz bergil,
Gamgyny göreňde, ýagşy söz bergil,
Entäni goldara hemaýat ýagşy.
Dana Magtymgulynyň ýaşan döwründe türkmenleriň merkezleşen döwleti bolmandyr. Bu döwürde keseki ýurt basybalyjylary tarapyndan türkmenleriň obalaryna, şäherlerine yzygiderli talaňçylykly ýörişler, çozuşlar bolup durupdyr. Bu ýagdaýy şahyr öz goşgularynda janyýangynlyk bilen suratlandyrypdyr:
Bazarym sowuldy, harydym galdy,
Dükanym eýesiz galdy, neýläýin.
Последние новости
21/12/2024
«Akylly» şäheriň täze üstünligi20/12/2024
ÝEŇŞE UZAÝAN MENZILLER