09/10/2024
974
9-njy OKTÝABR — BÜTINDÜNÝÄ POÇTA GÜNI
Bütindünýä poçta güni her ýyl 9-njy oktýabrda bellenilýär. Bu halkara sene 1874-nji ýylda döredilen Bütindünýä poçta bileleşiginiň (BPB) esaslandyrylan gününe gabatlap geçirilýär.
Bütindünýä poçta gününi bellemek baradaky çözgüt 1969-njy ýylda Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda geçirilen BPB-niň Kongressinde resmi taýdan yglan edildi. BPB bütin dünýäde poçta hyzmatlarynyň halkara ülňülerde işlemegini üpjün etmek we ýurtlaryň arasynda poçta hyzmatlarynyň alyş-çalşygyny ýeňilleşdirmek üçin döredilen halkara düzümdir.
Bütindünýä poçta gününiň maksady poçta hyzmatlarynyň jemgyýetiň durmuş-ykdysady ösüşine goşandyny açyp görkezmekden ybaratdyr. Hususan-da, sanly tehnologiýalaryň ösýän döwründe poçta hyzmatlarynyň henizem möhüm ornunyň bardygyna aýratyn üns çekilýär. Bu halkara sene tehnologiýanyň barha ösýän döwründe hat ýazmak däbini ýatlatmak üçin hem gowy mümkinçilikdir.
Begnazar BEGNAZAROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.