07/03/2024
635
52-nji ýylynyň ykdysadyýeti
Öçügsi ýagtylyk, göze rahatlyk beriji diwar bezegleri, ýürege ýakyn aýdym-sazlar — bularyň sazlaşygynda ajaýyp atmosfera. Eliňizde bolsa bir bulgur kofe, ine, size gündelik durmuşyň aladalaryndan saplanmak üçin iň gowy gaçybatalga. Bularyň ählisini döwrebap kofe medeniýetini esaslandyryjy «Starbucks» hödürleýär. Taryhyny Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Sietl ştatynda ýerleşýän «Pike Place» bazarynyň daş düşelen köçelerinden alyp gaýdýan «Starbucks» kompaniýasynyň ilkinji dükany 1971-nji ýylda açylýar. 52 ýyllyk menzili geçen kompaniýanyň häzirki wagtda dünýäniň çar künjünde bölek-satuw dükanlary we kofehanalary hereket edýär.
2023-nji ýylyň maliýe ýylynyň hasabatyna laýyklykda, kompaniýanyň girdejisi 14 göterim ýokarlanyp, 36,68 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Bu görkeziji 2022-nji ýylda 32,91 milliard amerikan dollaryna, 2021-nji ýylda 30,36 milliard amerikan dollaryna deň bolupdy. Her paýnamadan alan girdejisi bolsa 3,58 amerikan dollaryna deň bolup, bu görkeziji 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 27 göterim ýokarydyr. Şeýlelikde, kompaniýanyň paýnamalaryndan alan girdejisi geçen ýyl 29,45 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Bu görkeziji 2022-nji maliýe ýylynda 27,98 milliard amerikan dollaryna deňdi.
2022-nji ýylda «Starbucks» kompaniýasy 61 milliard amerikan dollary möçberinde bahalanyp, dünýäniň ikinji iň gymmat tiz hyzmat hödürleýän restorany boldy. Şol ýylyň sentýabr aýynda tamamlanan maliýe hasabatyna laýyklykda, kompaniýanyň mahabat çykdajylaryna sarp eden serişdesi 416,7 million amerikan dollaryna barabar boldy. Bu görkeziji 2023-nji maliýe ýylynda 507,8 million amerikan dollaryna çenli köpeldi.
«Starbucks» kofe içgileriniň hiline we kofehana gurşawyna aýratyn üns berip, kofäni durmuşda lezzet alyp boljak içgä we kofehanany öýden ýa-da işden uzakdaky elýeterli «üçünji ýere» öwürmegi başardy. Şu nukdaýnazardan hem, «Starbucks» kompaniýasynyň dükanlarydyr kofehanalary jemgyýetçilik ýygnanyşyklary, kiçi telekeçilik ýygnaklary geçirmek hem-de okamak, işlemek üçin meşhur ýerleriň biridir.
Dünýäniň iň öňdebaryjy kofehana tory «Starbucks» kompaniýasy 2023-nji maliýe ýylynyň dördünji çärýeginiň dowamynda 816 sany dükan açyp, olaryň sanyny 38 038-e ýetirdi. Häzirki wagtda kompaniýanyň dükanlarynyň 61 göterimini Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Hytaý Halk Respublikasy emele getirýär. Bu ýurtlarda «Starbucksyň» degişlilikde, 16 325 we 6 806 dükany hereket edýär. Geçen maliýe ýylynyň dördünji çärýeginde kompaniýanyň dükanlarynyň satuwy dünýäde 8, Demirgazyk Amerikada 8, halkara derejesinde bolsa 5 göterim ýokarlandy. Ýeri gelende bellesek, «Starbucks» dünýäniň 402 müňden gowrak ilatyny iş bilen üpjün edýär.
«Verdict Food Service» portalynyň maglumatlaryna görä, kompaniýa uzakmöhletleýin ösüş maksatnamasynyň çäklerinde 2030-njy ýyla çenli ýene 55 müň dükan açmagy maksat edinýär. Bu görkezijä ýetmek üçin kompaniýa her günde ortaça 8 dükan açmaly bolýar. Ýeri gelende aýtsak, «Starbucks» ýakyn geljekde açmagy meýilleşdirýän her 4 dükanynyň 3 sanysyny Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan başga ýerde açmagy meýilleşdirýär.
Kofäniň eksport-import söwdasy
(Türkmenistanyň mysalynda)
Häzirki wagtda dünýä ýurtlarynda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem kofe içgisine bolan isleg günsaýyn ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň telekeçilerine döredip berýän mümkinçilikleri bilen milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda uly öňegidişlik gazanylýar. Ýylsaýyn täze önümleri öndürýän önümçilik sehleridir kärhanalary açylýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde, ýurdumyzda kofe önümçiligini ilkinji ornaşdyran «Markow» haryt nyşanly kofe öndürýän «Toýly» hojalyk jemgyýetini aýdyp bileris. Merkezi Aziýanyň iň uly kofe öndürijileriniň biri bolan kärhanada «Markow» haryt nyşanly nusgawy, kapuçino, moka, funduk, latte tagamly (1/3) kofeleri, ereýän sublinirlenen kofesi, nespresso kapsula kofesi, üwelen espresso kofeler we gowrulan kofe däneleri öndürilýär. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylyň sentýabr — dekabr aýlarynda «Toýly» hojalyk jemgyýeti «Markow» kofeleriniň 17 665 kilogramyny daşary ýurtlara eksport etdi.
Daşarky bazarlardan hem ýurdumyza kofe we kakao önümleriniň birnäçe görnüşleri getirildi. Şol sanda sarp edijileriň ösen islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, «Nescafe», «Jacobs», «Camel», «MacCoffee», «Hot drops», «Nesquik» haryt nyşanly dünýäniň meşhur kofe we kakao önümleri getirildi. Has dogrusy, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda türkmen bazaryna kofe we kakao önümleriniň 6555,4 tonnasy getirildi.
Sahypany taýýarlan:
Jahantäç ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Çeşme: «Biznes reklama» gazeti. - 3.03.2024 ý. // https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/50/articles/139188
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI