04/07/2023
590
29-njy iýun – “Arkadag güni”
Elbetde, bu gün gurulýan belent-belent ymaratlar, döredilýän gözel seýilgähler, säher wagty guşlaryň saýraýan sesleri abadançylygyň, asudalygyň alamatydyr. Ol türkmen halkynyň her bir raýatynyň gursagynda ata Watanymyza, beýik geçmişimize, bagtly şu günümize we geljegimize bolan buýsanç bolup ýaňlanýar. Şahyr Gurbannazar Ezizow öz şygyr setirlerinde:
Şäher guruň, penjiresi giň bolsun,
Säher Gün şähere başyny egsin
– diýmek bilen, sebitiň täze merjeni bolan Arkadag şäheriniň gözelligini taryplaýana meňzeýär.
Eýýäm Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň çäklerinde täze açylan Ruhyýet köşgünde geçirilen dabaraly maslahatda tutuş sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şähere halkara sylaglar gelip gowuşuryldy.
Şanly senedäki dabaraly maslahatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriniňdir pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, daşary ýurtly myhmanlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle-de halk köpçüligi gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we belent mertebeli myhmanlar Ruhyýet köşgünde bagşy-sazandalaryň, medeniýet, sungat ussatlarynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler. Köpleri haýrana goýan Arkadag şäherine degişli sylaglar – şahadatnamalardyr güwänamalar, diplomlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Umuman, Türkmenistanyň tejribesinde «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan ilkinji şäher halkara sylaglaryň jemi 21-si bilen sylaglanyldy. Şolaryň hatarynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Türki dünýäniň inženerler we arhitektorlar birleşiginiň, BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň, Ginnesiň rekordlar kitabynyň we beýleki birnäçe düzümleriň, ýöriteleşdirilen edaralaryň degişli sylaglary bar. Ýeri gelende, Arkadag şäherine «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň berlendigini hem bellemek gerek. Bularyň ählisi Köpetdagyň eteginde kemala gelen Arkadag şäheriniň gurluşygynda ulanylan öňdebaryjy tehnologiýalara, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine, «akylly» we «ýaşyl» şäher çemeleşmelerine, ekologik we binagärlik aýratynlyklaryna dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berilýändigini tassyklaýar. Sylaglaryň arasynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň El Kahon şäheriniň häkimliginiň 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynyň «Arkadag güni» diýlip yglan edilendigi barada Kaliforniýa Proklamasiýasy hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Linkoln uniwersitetiniň 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynyň «Arkadag güni» diýlip yglan edilendigi barada Linkoln uniwersitetiniň Proklamasiýalary has bellemäge mynasypdyr. Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan gelip gowşan şeýle hoş habar halkymyzda uly şatlyk-şowhun döredip, bu merjen şäheriň dünýä ýüzünde belent ykrarnama eýe bolýandygynyň aýdyň nyşanydyr.
Rahym AKMURADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň öwreniji mugallymy.