30/11/-0001
532
23-nji aprel – Halkara kitap we awtorlyk hukugy güni
1995-nji ýylyň 15-nji noýabrynda ÝUNESKO-nyň 28-nji mejlisinde Halkara kitap we awtorçylyk hukugy güni yglan edildi. Bu baýramçylygyň esasy maksady ýaşlaryň arasynda kitaba bolan höwesi ýokarlandyrmakdan, awtorlyk hukugyny goramakdan ybaratdyr. Bu şanly senäni ispan ýazyjysy Wisente Klawel Andres tarapyndan Migel de Serwantesiň hormatyna bagyşlanyp 23-nji aprelde bellemek teklip edilýär. ÝUNESKO bu senäni 23-nji aprelde belläp geçmegiň maksadalaýykdygyny belläp, indi çärýek asyr bäri dünýäniň dürli künjeginde bellenilip geçilýär.
1-nji aprelden 23-nji aprel aralygynda Halkara kitap we awtorçylyk hukugy gününiň çäginde kitabyň ähmiýetini görkezmek üçin ÝUNESKO dürli çäreleri alyp barýar. 2000-nji ýyldan bäri Halkara kitap we awtorçylyk hukugy güni dürli ýurtlaryň paýtagtlarynda bellenilýär. 2021-nji ýylda bu halkara güni Tbilisi şäherinde bellendi.
Maksat GARÝAGDYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň Syýasy kommunikasiýa we
internet žurnalistikasy hünäriniň I ýyl talyby.
Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz!
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI