
23/04/2025
797
23-NJI APREL –BÜTINDÜNÝÄ KITAP WE AWTORLYK HUKUGY GÜNI
Her ýylyň 23-nji apreli dünýäniň dürli künjeklerinde Bütindünýä kitap we awtorlyk hukugy güni hökmünde bellenilýär. Bu sene kitaplaryň, awtorlaryň ähmiýetini giň jemgyýete ýetirmek maksady bilen, ÝUNESKO tarapyndan 1995-nji ýylda resmi taýdan yglan edilýär.
Bu gün ýaş nesli okamak we döredijilik endigine höweslendirmek üçin giň mümkinçilik döredýär. Kitap diňe bir maglumat çeşmesi bolman, eýsem adamyň dünýägaraýşyny giňeldýän, pikirleniş ukybyny ösdürýän hem-de ruhy taýdan kämilleşdirýän möhüm serişde bolup durýar.
23-nji aprel gününiň saýlanyşynyň sebäbi bolsa, bu gün meşhur ispan ýazyjysy Migel de Serwantesiň, beýik iňlis dramaturgy William Şekspiriň, şeýle-de fransuz ýazyjysy Inka Garsilaso de la Weganyň aradan çykan güni bilen baglydyr. ÝUNESKO bu senä aýratyn ähmiýet beryär. 1-nji aprelden 23- nji aprel aralygynda Bütindünýä kitap we awtorlyk hukugy gününiň çäginde kitabyň ähmiýetini görkezmek üçin dürli çäreler geçirilýär. 2025-nji ýylyň 23- nji aprelinde Bütindünýä kitap we awtorlyk hukugy güni Rio-de Žaneýro şäherinde geçirilýär.
Bu baýramçylyk kitap söýüjiler, awtorlar we neşirýatçylar üçin baýramçylyk günüdir. Dünýäniň köp ýurtlarynda bu gün kitap sergileri we awtorlar bilen duşuşyklar geçirilýär. Şeýle çäreler halkyň kitaba bolan höwesini artdyrmak bilen bir hatarda döredijilikli pikirleriň ýaýramagyna-da giň mümkinçilik berýär.
Awtorlyk hukugy bolsa döredijilik zähmetiniň goragçysydyr. Awtorlaryň döredýän eserleri olaryň eýeçiligindedir we bu hukuk olaryň ykdysady hem-de ruhy bähbitlerini goramaga mümkinçilik berýär. Awtorlyk hukugy döredijilere täze eserleri döretmäge ruhlandyrýar, sebäbi olaryň zähmeti kanun taýdan gorag astyndadyr.
Netijede, 23-nji aprel diňe bir kitaplary dabaralandyrýan gün bolman, eýsem döredijilige, medeniýete we pikir azatlygyna hormat goýulýan global baýramçylykdyr. Her bir adam üçin kitap okamak diňe bir höwes däl, eýsem ösüşe tarap ädilen möhüm ädimdir.
Allaberdi MAMMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.