30/11/-0001
472
2023-nji ýylyň 23-24-nji ýanwarynda Daşkentde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň ýygnagy geçiriler
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy – 1985-nji ýylda Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlary tarapyndan döredilen sebitara döwletleriň ykdysady guramasydyr. Bu gurama üç ýurt – Eýran , Päkistan we Türkiýe tarapyndan 1977-nji ýylyň 12-nji martynda esaslandyryldy. 1992-nji ýylyň başyna çenli Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäginde hyzmatdaşlyk esasan ikitaraplaýyn boldy. 1992-nji ýyldan bäri 7 täze döwletiň – Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň meýletin goşulmagy netijesinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işi ep-esli öňe ilerledi. 1995-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlyk baradaky karar kabul edildi we şondan bäri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy BMG-de synçy statusyna eýe boldy.
2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda, Türkmen tarapynyň baştutanlygynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşýan ýurtlaryň ýokary derejeli işgärleriniň ýygnagy geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Mätiýew ýolbaşçylyk etdi. Bu ýygnagyň netijelerinden soň indiki ýygnagyň geçiriljek ýeri we senesi barada ylalaşyk gazanyldy.
2023-nji ýylyň 23-24-nji ýanwarynda Daşkentde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň ýygnagy geçiriler. Özbegistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň başlyklygynyň çäginde geçiriljek bu çärä Daşary işler ministrleriniň ýolbaşçylygyndaky guramanyň agza ýurtlarynyň wekiliýetleri, şeýle hem Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziri gatnaşar.
Gülöwser REJEPOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň
1-nji ýyl talyby.
Çeşme: