20/05/2024
626
20-nji maý — Bütindünýä balary güni
Her ýylyň 20-nji maýynda bellenilýän bu möhüm ekologiki sene 2017-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Karary esasynda döredildi. Bu resminama biologiki dürlülik, azyk howpsuzlygy boýunça meseleler, oba hojalygyny ösdürmek babatdaky konwensiýalaryň möhüm bölegi hökmünde ýer aldy. Bu günüň halkara derejesinde bellenilmegi janly tebigatda arylaryň ösümlikleri tozanlandyrmakdaky ornuny, hasyllylygy ýokarlandyrmakdaky wezipesini we netijede azyk howpsuzlygyny üpjün etmekdäki ähmiýetini dünýä jemgyýetçiligine aýdyň düşündirýär.
Beýleki mör-möjekler bilen birlikde, balarylar daşky gurşaw üçin we adamzat üçin netijeli bolup durýar. Çünki biziň gündelik iýýän iýmitimiz, gök-önümlerimiz hut şu tozanlandyryjylara bagly bolup durýar. Olar bolmadyk bolsa dünýä azyk önümlerinden mahrum bolup biler, ekoulgamda hem deňagramlylyk bozulardy. Iň bärkisi, balarylaryň emele getirýän önümi bolan ary baly düzümi boýunça ýokumly maddalara diýseň baý bolup, ol iýmitlik hökmünde, kosmetologiýada, derman senagatynda giňden peýdalanylýar. Häzirki wagtda balarylar diňe açyk meýdanda däl-de, durmuşymyza giňişleýin ornaşdyrylýan ýapyk ekerançylyk ulgamynda, ýagny ýyladyşhanalarda diýseň ähmiýetli bolup durýar. Sebäbi öz-özünden tozanlanmaýan ösümlikler diňe şolar arkaly garşylyklaýyn tozanlanýar we şonuň netijesinde geljekki hasylyň düýbi tutulýar.
Balaryçylyk irki wagtlardan bäri hem belli bolup, ol halk lukmançylygynda köp ulanylypdyr. Häzirki zaman balaryçylyk ylmyny esaslandyryjy germaniýaly Antone Ýanşe hasaplanyp, onuň bu baradaky gollanmasy 1771-nji ýylda çap edilipdir.
Akmuhammet BAÝLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.
Последние новости
16/10/2024
Всемирный день продовольствия09/10/2024
9-njy OKTÝABR — BÜTINDÜNÝÄ POÇTA GÜNI05/10/2024
BÜTINDÜNÝÄ MUGALLYMLAR GÜNI