15/04/2024
524
15-nji aprel — Bütindünýä sungat güni
2019-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Baş Konferensiýasynyň kabul eden karary esasynda dünýä sungatlaryny mundan beýläk-de ösdürmek, giňden ýaýratmak maksady bilen, her ýylyň 15-nji apreli Bütindünýä sungat güni diýlip yglan edildi.
Bütindünýä sungat güni ýurtlaryň arasyndaky medeni we sungat gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmäge, sungat ussatlarynyň işlerini ýaş nesillere ýetirmäge mümkinçilik berýän şanly senedir. Onda suratkeşlik, heýkeltaraşlyk, edebiýat, kino, aýdym-saz we beýleki sungatlarda üstünlik gazanyp, taryhda yz galdyran şahsyýetler ýatlanýar. Bu baýramçylyk mynasybetli guralýan çäreler dünýädäki sungatyň muşdaklarynda ýakymly täsir galdyrýar.
Bilşimiz ýaly, medeniýet ynsanyýete ruhy gözellik bagyş edýär. Aslynda, gadymy sanskrit dilinde «medeniýet» sözi gözelligi we öz-özüňi kämilleşdirmek islegini aňladýan «ýagtylyga hormat» diýen manyny berýär.
Medeniýeti öwrenmek we hemişe goramak zerur bolup durýar. Hut şu nukdaýnazardan, ýörite ähmiýetli sene — Bütindünýä sungat güni döredildi. Ol dünýä ýurtlarynda her ýylyň 15-nji aprelinde bellenip geçilýär. 1935-nji ýylyň 15-nji aprelinde «Çeper we ylmy guramalary hem-de taryhy ýadygärlikleri goramak barada» halkara şertnamasynyň ýa-da «Rerih şertnamasynyň» kabul edilmegi mynasybetli döredilen bu baýram medeniýeti we sungaty wagyz etmekde möhüm başlangyçdyr.
Ýeri gelende bellesek, meşhur rus suratkeşi we filosofy Nikolas Rerih çeper ýadygärlikleri wagt we adamyň täsiri sebäpli weýran bolmakdan goramak pikiriniň awtorydyr. Agzalan şertnamada medeni gymmatlyklary goramak baradaky maddalar toplumy görkezilendir. Bu maddalaryň uruş ýagdaýlarynyň dowam edýänligine hem garamazdan, islendik syýasy ýagdaýda berjaý edilmegi hökmanydyr.
Bütindünýä sungat gününde dünýäde dürli çäreler — sergiler, döredijilik duşuşyklary, sungat konferensiýalary, taryhy leksiýalar, konsertler we teatr çykyşlary geçirilýär. Bu bolsa dünýäde medeniýetiň we sungatyň dabaralanmagyny şertlendirýär. Bütindünýä sungat güni diňe bir döwletler tarapyndan bellenilip geçilmän, eýsem halkara guramalar esasanam ÝUNESKO tarapyndan hem giň gerimde bellenilip geçilýär.
Orazmyrat HUDAÝBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.