30/11/-0001
583
12-nji awgust — Hazar deňziniň güni
2003-nji ýylyň noýabrynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça bäş sany Hazarýaka döwletleriň wekilleri tarapyndan Çarçuwaly Konwensiýa, ýagny Tähran konwensiýasyna gol çekildi. Tähran konwensiýasy 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda güýje girdi. Şol gün hem, ýagny her ýylyň 12-nji awgusty Hazarýaka döwletlerinde Hazar deňziniň güni hökmünde bellenilýär.
Hazar deňziniň meýdany 371 müň inedördül kilometr bolup, onuň iň çuň ýeri 1025 metre, kenarýaka çyzygynyň uzynlygy bolsa 7000 kilometre deňdir. Hazar deňzi demirgazykdan günorta 1200 kilometr uzap gidip, onuň ortaça ini 320 kilometr hasaplanýar. Deňze 130-dan gowrak derýa öz suwuny guýýar. Onuň çäginde ownukly-irili adalaryň 50-ä golaýy ýerleşýär.
Hazar deňziniň biodürlüligi we bu ýerde duş gelýän janly organizmler özboluşly bolup, olaryň köpüsiniň diňe şu ýerlerde duş gelýänligi aýratyn bellenmäge mynasyp. Bekre balyklarynyň dünýä gorunyň 90 göterim töweregi bu ýerde jemlenendir. Hazarýaka sebitinde guşlaryň 300-den gowrak görnüşleri duş gelýär. Sebitde guşlardan başga-da, ýerde-suwda ýaşaýanlaryň, süýdemdirijileriň we süýrenjileriň köp görnüşleri ornaşan. Bu deňizde başga hiç ýerde duş gelmeýän Hazar düwleni hem ýaşaýar.
Gurbansähet GURBANSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI