10/03/2026
63
Zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki orny we olaryň ýeten sepgitleri barada interaktiw dialog geçirildi
2026-njy ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki orny we olaryň ýeten sepgitleri» atly interaktiw dialog geçirildi. BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy bilen bilelikde guralan bu çärä daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň, halkara düzümleriň zenan işgärleri, Daşary işler ministrliginiň wekilleri, institutyň zenan mugallymlarydyr talyp gyzlary gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rana Abu Hijleh, Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Farýal Legari, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa dagy çykyş etdiler. BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň alyp barmagynda geçen bu maslahat häzirki zaman diplomatiýasynda zenanlaryň eýeleýän orny we olaryň parahatçylygy berkarar etmekdäki goşantlary barada durlup geçildi.
Çykyşlarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetine aýratyn üns çekilip, bu syýasatyň parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary öňe sürmekde we halkara gatnaşyklarynda ynamdar dialogy ýola goýmakda nusgalykdygy bellenildi. Nygtalyşy ýaly, Bitaraplyk ýörelgeleriniň esasynda alnyp barylýan «Dialog ― parahatçylygyň kepili» diýen ýörelge zenanlaryň diplomatiýadaky ornuny has-da berkidip, olaryň sebitde parahatçylygy üpjün etmekdäki başlangyçlaryny goldaýar. Gatnaşyjylar zenanlaryň döwlet dolandyryşynda we halkara hyzmatdaşlygynda görkezýän başarjaňlyklarynyň dünýäniň durnukly ösüşine gönüden-göni täsir edýändigini nygtadylar.
Şeýle-de çykyş edenler zenanlar baradaky alada, jemgyýetde olaryň ornuny berkitmek, şeýle hem halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, gender deňligini üpjün etmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini, şunda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda gender syýasaty babatda anyk maksatlara gönükdirilen wezipeleriň durmuşa geçirilmegine jogapkärli çemeleşilýändigi, Türkmenistan döwletimiziň bu ugurdaky hereketleri halkara derejede giň goldaw tapýandygy barada aýratyn bellediler.
Jemläp aýdanyňda, bu maslahat ýaş hünärmenleriň hünär tejribesini baýlaşdyrmakda netijeli bolup, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji diplomatiýasynda zenanlaryň eýeleýän ornunyň ýokarydygyny nobatdaky gezek äşgär etdi.
Maslahatyň ahyrynda zenanlaryň howandary Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.
Peristan TÖRÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
Latest News
04/03/2026
A SEMINAR HELD WITH MENTOR-DIPLOMAT