933
“Ýaşlar we kanunçylyk” atly bäsleşik
2023-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň guramagynda “Ýaşlar we kanunçylyk” atly ýaşlar syýasaty hakyndaky kanuna esaslanyp, Halkara hukugy fakultetiniň talyplarynyň arasynda bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşige türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň taýýarlygyň ugry boýunça bakalawr we hünär toparlaryndan talyplar gatnaşdylar. Bäsleşigiň esasy maksady talyplaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bagly bilimlerini berkitmekden, olaryň hukuk medeniýetini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy. Bäsleşigiň netijeleri boýunça institutymyzyň taýýarlygyň hünärmen ugry boýunça bilim alýan 2-nji ýyl talyplar topary I orna mynasyp boldular. Ýaryşda ýeňiji bolan toparyň talyplaryna gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Akmyrat HAÝDAROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.