16/01/2026
87
WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ilkinji Ýaşlar guramasynyň ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagynyň many-mazmunyny talyp ýaşlara düşündirmek maksadynda ilkinji wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen başy başlanan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, häzirki zaman türkmen jemgyýetinde ylymly-bilimli ýaş nesli kemala getirmek, olary milli ruhda, ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän däp-dessurlarymyz, ýol-ýörelgelerimiz esasynda terbiýelemek ugrunda alnyp barylýan işler barada belläp geçdiler. Şeýle-de, ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak, zyýanly endikleriň adamyň saglygyna ýetirýän zyýany baradaky sowatlylygyny ýokarlandyrmak, internetden maksatlaýyn peýdalanmak, milli däp-dessurlary berjaý etmek meseleleri dogrusynda hem giňişleýin durup geçdiler.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy gülledip ösdürmek ugrunda irginsiz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.
Rysgal ANNAORAZOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.