Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / TÜRKMENISTANYŇ WEKILÝETI «RUSSIÝA – YSLAM DÜNÝÄSI: KAZANFORUM» HALKARA YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDYLAR
    TÜRKMENISTANYŇ WEKILÝETI «RUSSIÝA – YSLAM DÜNÝÄSI: KAZANFORUM» HALKARA YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDYLAR surady
    20/05/2023

    714

    TÜRKMENISTANYŇ WEKILÝETI «RUSSIÝA – YSLAM DÜNÝÄSI: KAZANFORUM» HALKARA YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDYLAR

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz gün saýyn ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň energetika ulgamynda halkara başlangyçlaryny amala aşyrmakda we sebitde hyzmatdaşlygy, ynanyşmagy berkitmekde «Russiýa - Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumynyň ähmiýetine aýratyn uly orun degişlidir Türkmenistan bilen Russiýa döwleti bilen halkara giňişlikde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler, BMG-niň we beýleki iri halkara guramalaryň çäklerinde aýratyn ähmiýetli başlangyçlarydyr teklipleri ilerletmekde birek-biregi yzygiderli goldaýarlar. Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy oňyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmek bilen, söwda-ykdysady ulgamda, ýangyç-energetika toplumynda we beýleki pudaklarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Bu ugurlarda bar bolan kuwwatlyklary hasaba almak arkaly umumy tagallalaryň birleşdirilmegi has netijeli hasap edilýär. 2022-nji ýylda foruma 6,3 müňden gowrak adam, şol sanda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy Taryha nazar salsak, «KazanForum 2022»-de Tatarstan Respublikasynyň Başlygy Rustam Minnihanow: «20 milliondan gowrak musulmanyň ýaşaýan Russiýasynyň Halal pudagy üçin uly geljegi bar. Mundan başga-da, bu diňe bir iýmit däl, eýsem syýahatçylyk, lukmançylyk, IT tehnologiýalary we başga-da köp zat» diýip belläp geçdi. KazanForum-yň maksady Russiýa bilen Yslam hyzmatdaşlyk guramasyna girýän döwletleriň söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş we medeni gatnaşyklaryny berkitmek bolup durýar. Ilkinji gezek forum 2009-njy ýylda geçirildi. Şu ýyl RF-niň Prezidentiniň karary bilen foruma federal derejesi berildi. Türkmen wekiliýeti 2023-nji ýylyň 18-19-njy maýynda RF-niň Tatarystan Respublikasynda geçiriljek «Russiýa - Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumyna gatnaşar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen telefon arkaly söhbetdeşliginiň dowamynda belledi. Şol, söhbetdeşligiň barşynda Gahryman Arkadagymyz «Demirgazyk — Günorta» ýaly täze ulag-üstaşyr geçelgeleriň möhümligine üns çekdi. Rustam Minnihanow, öz gezeginde, forumyň çäklerinde bu mowzuga bagyşlanan tegelek stoluň geçiriljekdigini belledi. Tas takygy 2023-nji ýylyň 18-19-njy maýda Russiýanyň Kazan şäheri dünýädäki halal aşhanalaryň we senagatyň merkezine öwrüler. Yslam naharlaryny taýýarlamakda öňdebaryjy aşpezleriň bäsleşigi, iň täze önümleriň we hyzmatlaryň sergisi, dünýäniň 72 ýurdundan Halal pudagyndaky hünärmenleriň arasynda göni aragatnaşyk. Bularyň hemmesine «Russiýa – Yslam dünýäsi: Kazanforum 2023» XIV halkara ykdysady forumynyň geçiriljek ýerinde garaşylýar. Forumyň 18-19-njy maýda geçiriljek esasy çäresi, halkara işewür gatnaşyklar we hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin meýdança bolan halkara standartyna laýyklykda Russiýanyň iň uly maýa goýum we infrastruktura taslamalar sergisi «Russiýa Halal Expo» bolar. Bu ýerde azyk we azyk däl önümler, lomaý we bölek söwda, inženerçilik, gurluşyk, moda we gözellik, maliýe we maýa goýum pudagyndaky halal hyzmatlar, syýahatçylyk, bilim, IT we saglygy goraýyş ýaly ugurlarda ýetilen sepgitler görkeziler.


    Sülgün NEPESOWA,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI