620
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ ÝOKARY DEREJELI ÝYGNAGYNA GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 29-31-nji mart aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky topar BMG-niň Baş Assambleýasynyň nol galyndylara geçiş baradaky ýokary derejeli ýygnagyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web-saýtynyň habar bermegine görä, saparynyň çäginde, 29-njy martda Birleşen Milletler Guramasynyň merkezinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Baş sekretaryň kömekçisi, terrorçylyga garşy müdirliginiň ýerine ýetiriji direktory Natalýa German bilen duşuşdy.
Söhbetdeşlikde Mähri Bäşimowa Türkmenistanyň terrorçylyga garşy göreş we sebitdäki durnuklylygy ýokarlandyrmak ugrundaky tagallalary barada hasabat berdi we ýurduň transmilli meseleleri çözmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň hyzmatdaşlary bilen ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny aýtdy.
Natalýa German hem öz gezeginde Türkmenistanyň sebitdäki parahatçylyga we howpsuzlyga ygrarlydygyna ýokary baha berdi we Türkmenistanyň BMG-niň terrorçylyga garşy bölümleri bilen taktiki gatnaşygy güýçlendirmekdäki goşandyna minnetdarlyk bildirdi.
Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Baş sekretaryň Ýewropa, Merkezi Aziýa we Amerika boýunça kömekçisi Miroslaw Ýenç bilen duşuşdy. Baş sekretaryň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Miroslaw Ýenç, söhbetdeşlikde Merkezi Aziýada we dünýä derejesinde öňüni alyş diplomatiýasynyň mehanizmlerini güýçlendirmeklige gönükdirilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, taraplar sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde Türkmenistan bilen Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryna garadylar.
Miroslaw Ýenç, Türkmenistanyň sebitdäki durnuklylygy ýokarlandyrmakdaky ýolbaşçylygyna ýokary baha berdi we ýurduň halkara başlangyçlaryna, hususan-da Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy boýunça ýokary derejeli gepleşikleriň guralyşyny alyp barmaga goldaw bildirdi.
2023-nji ýylyň 30-njy martynda türkmen topary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkiýe Respublikasy tarapyndan başlangyjy öňe sürlen galyndylary nola çenli azaltmak baradaky ýokary derejeli ýygnagyna gatnaşdy.
Gepleşikleriň dowamynda türkmen wekiliýeti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň ýanýoldaşy Emine Ärdogan bilen gepleşikleri geçirdiler.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary öz çykyşynda Türkiýe Respublikasyna bu çäräni gurnamaga gatnaşandygy we nol galyndylaryň maksatlaryna ýetmek üçin global taslamany başladanlygy üçin minnetdarlyk bildirdi we tagallalary birleşdirmegiň möhümdigini aýtdy.
Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara galyndysyz dünýä gününe bagyşlanan çärelere gatnaşdy. Bu çäre Daşky Gurşawy Goramak Maksatnamasy (UNEP) bilen bilelikde Türkiýe Respublikasynyň hökümetiniň goldawy bilen guraldy.
Şeýle hem bu çäre, täze ýokary tehnologiýalaryň ulanylyşynyň, häzirki zaman ekologiýa taýdan arassa binagärligiň we gurluşyk materiallarynyň öňdebaryjy usullarynyň, şeýle hem galyndysyz şäher ýörelgesine esaslanýan täze döwrebap Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasyny öz içine aldy.
Hususan-da, Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasynda, şäherde ornaşdyrylan häzirki zaman galyndysyz tehnologiýalary, “akylly” ulag we aragatnaşyk ulgamlaryny we innowasion ekologiki çözgütleri görkezmäge aýratyn üns berildi.
Ýeri gelende belläp geçsek, Halkara derejeli taslamalaryň çäginde ýurdumyzda döwlet we jemgyýetçilik bähbitli çäreler ýokary depginde alnyp barylýar.
Kadyrmyrat ÖWEZGYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.