Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / TÜRKMENISTANYŇ GYZYL KITABYNYŇ TÄZE 4-NJI TOMY ÇAPDAN ÇYKDY
    TÜRKMENISTANYŇ GYZYL KITABYNYŇ  TÄZE 4-NJI TOMY ÇAPDAN ÇYKDY surady
    07/06/2024

    1847

    TÜRKMENISTANYŇ GYZYL KITABYNYŇ TÄZE 4-NJI TOMY ÇAPDAN ÇYKDY

    Gyzyl kitap – seýrek duş gelýän we ýitip gitmek howpy astyndaky organizmleriň sanawyny, görnüşlerini, ozalky we häzirki ýaýran ýerlerini, sany we onuň kemelmeginiň sebäplerini, gaýtadan dikeltmegiň aýratynlyklaryny, görnüşlerini dikeltmek üçin häzirki wagtda görlen we görülmeli zerur çäreleriň ýazgysyny özünde jemleýär. Gyzyl kitabyň halkara, milli we ýerli nusgalary bar.
    Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň ilkinji neşiri 1985-nji ýylda, ikinjisi 1999-njy ýylda, üçünjisi 2011-nji ýylda, dördünjisi bolsa Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň öňüsyrasynda, ýagny 2024-nji ýylyň 4-nji iýunynda çap edildi.
    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda daşky gurşawy gorap saklamak babatda uly ähmiýete eýe bolan Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiriniň çap edilmegi Watanymyzyň ajaýyp tebigatyny goramak we has-da baýlaşdyrmak boýunça döwlet derejesinde alnyp barylýan uly işleriň netijesidir. Ýaşaýyş şertlerine we ösümlik görnüşleriniň meşhurlyk ýagdaýyna görä, geçirilen gözlegleriniň we birnäçe seljerme işleriniň netijesinde täze ösümlikleriň 23 görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň IV tomuna girizildi.
    Olaryň ilkinjisi hökmünde daglyk ýerlerde ýaşaýan, hemişe gök öwüsýän türkmen arçasy «gyzyl» sanawa goşular. Gözlegçileriň bellemegine görä, gary söýýän waleriýa, Regel armydy, Narbutyň irisleri, ýalpyldawuk, gissar we türküstan çigildemleri, Albertiň eremurusy, Oşaniniň sogany, suw söýüji ofris we beýlekiler goraga mätäç hasaplanylýar.
    2021-nji ýylda birnäçe bölekleri tapylan nemes muşmula hem «Gyzyl kitabyna» girizilmeli ösümlikleriň hataryndadyr. Alymlar şu güne çenli bu ösümligi Türkmenistanyň flora ösümlik dünýäsiniň agzasy hasaplamaýardylar. Bu ýagdaý garaşylmadyk täzelik bolup, alymlar ösümligi çuňňur öwrenmek üçin ýabany şertlerde gözleg geçirmegi maksat edinýärler. Muşmula Türkmenistanyň çäklerinde gabat gelmeýän ýeke-täk Bathyz pissesiniň taryhyny ýada salýan ýagdaýy döredip, munuň tapawutly tarapy muşmulanyň türkmen ösümlik – botanika dünýäsinde ýitmedik baýlyk bolmagydyr.
    Ýurdumyzyň «Gyzyl kitabynda» wagtyň geçmegi bilen haýwanat we ösümlik dünýäsindäki bolup geçýän wakalaryň resminamasy hasaplanylýandygyny bellemelidiris. Ýyllaryň dowamynda barlaglaryň netijesinde birnäçe ýaşaýan organizmler ýitip, ýok bolup gidýärler we täze görnüşleri emele gelýär.
    Gyzyl kitaba girizilen görnüşleriň ygtybarly goralyp saklanylmagy we köpeldilmegi diňe bir ýurdumyz üçin däl, eýsem dünýä möçberinde biologik dürlüligi gorap saklamaga mynasyp goşantdyr. Adamzat jemgyýetiniň umumy öýi bolan çylşyrymly gurluşly Ýer ýüzüniň her bir künjegi hemişe ýadawsyz üns berilmegini we aladany talap edýär.
    Ýurdumyzyň goraghanalarynda ýabany haýwanlary we ösümlikleri gorap saklamak, ylmy taýdan düýpli öwrenmek, olaryň sanyny artdyrmak, gözel tebigatly ýerlerimizi aýawly saklamak boýunça zerur işler geçirilmelidir. Adamyň amala aşyrýan işleriniň tebigata edýän täsiri hem ylmy tarapdan öwrenilmegini talap edýär. Bu işler ýurdumyzyň bütin ekologiýa ulgamyna, şol sanda topragyň, suwuň, howanyň arassalygyna, biodürlüligiň ýagdaýyna zyýan ýetirmeli däldir.

    Resulberdi WELMIÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy fakultetiniň III ýyl talyby.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI