Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / UNESCO Club "Culture of Peace" / TÜRKMENISTAN — ÝUNESKO: dostlukly hyzmatdaşlyga 30 ýyl
    TÜRKMENISTAN — ÝUNESKO: dostlukly hyzmatdaşlyga 30 ýyl surady
    19/08/2023

    1981

    TÜRKMENISTAN — ÝUNESKO: dostlukly hyzmatdaşlyga 30 ýyl

    Ata-babalarymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda döredilip, nesillere miras galdyrylan milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň alyp barýan hyzmatdaşlygy aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmenistan bu guramanyň agzalygyna 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda kabul edildi. Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasyna (ÝUNESKO) agzalyga kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistan — ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim, Medeniýet, Maliýe we ykdysadyýet, Dokma senagaty, Oba hojalyk, Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky, Suw hojalygy baradaky, Statistika baradaky, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetleriniň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň, Hazar deňzi institutynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar. Onda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky 30 ýyllyk hyzmatdaşlygyň taryhyna, toplanan baý tejribä, gazanylan üstünliklere syn berildi we gatnaşyklaryň geljeginiň möhüm ugurlary kesgitlendi.

    Çykyşlarda bellenilişi ýaly, halkymyzyň kalbyndan dörän maddy däl gymmatlyklarymyz bu günki gün dünýä ýüzüni haýrana goýýar. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna biziň döwletimiz boýunça Gadymy Merw döwlet taryhy-medeni ýadygärlikler toplumy, Köneürgenç şäheri, Köne we Täze Nusaý galalary goşuldy.

    ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäginde «Görogly dessançylyk sungaty», Türkmenistan tarapyndan birnäçe Gündogar döwletleri bilen bilelikde hödürlenen «Nowruz baýramy», «Küştdepdi aýdym we tans dessury», «Türkmen milli halyçylyk sungaty», «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty», «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri», «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi», ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» goşuldy we umumadamzat gymmatlyklary hökmünde ykrar edildi.

    Şu ýylyň maý aýynda biziň ýurdumyzyň teklibi esasynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ilkinji ýazuw ýadygärligi hökmünde ÝUNESKO-nyň «Dünýä hakydasy» atly halkara sanawyna girizilmegi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli daşary syýasatynda ileri tutulýan medeni diplomatiýanyň gazanan nobatdaky üstünligidir.

    Dabaraly maslahatda bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen 2020-nji ýylda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň döredilmegi BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça düzümi bilen özara gatnaşyklarda möhüm ädim boldy. Häzirki wagtda bu milli topar tarapyndan ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawynyň gerimini giňeltmek boýunça işler işjeň dowam etdirilýär.

    Şu ýylyň başynda Türkmenistanda 2 sany ÝUNESKO kafedrasy işe girizildi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralarynyň döredilmegi Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze sahypasyny açdy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň 3 sany ýokary okuw mekdebinde ÝUNESKO Klublary we bir muzeýde ÝUNESKO burçy açyldy, 6 sany orta bilim mekdebi ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň düzümine, 10 sany ýokary okuw mekdebi bolsa ÝUNESKO-nyň howandarlygynda döredilen Halkara uniwersitetler bileleşigine kabul edildi.

    Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň gülläp ösmegine, Ýer ýüzünde parahatçylygy berkitmäge, dünýä halklarynyň arasynda dostluk ýörelgelerini pugtalandyrmaga gönükdirilen beýik başlangyçlary üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza hemişe rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw edýäris.

    Gülälek ÇOPANOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.

    Çeşme:
    "Watan" gazeti 19.08.2023
    https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/5/articles/115853

    Latest News

    SCIENTIFIC-PRACTICAL CONFERENCE WAS HELD surady

    28/05/2025

    SCIENTIFIC-PRACTICAL CONFERENCE WAS HELD
    Turkmenistan Expands Cooperation with Kazakhstan through UNESCO surady

    17/04/2025

    Turkmenistan Expands Cooperation with Kazakhstan through UNESCO
    Online Seminar Was Held surady

    05/02/2025

    Online Seminar Was Held
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI