Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Türkmenistan — ŞHG: ählumumy parahatçylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk
    Türkmenistan — ŞHG: ählumumy parahatçylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk surady
    05/07/2023

    844

    Türkmenistan — ŞHG: ählumumy parahatçylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk

    Berkarar döwletimiziň täze eýýamymyzyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sebitde we dünýäde oňyn gatnaşyklary ösdürmekde hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasatymyzyň ugurlary yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda halkara guramalary we düzümleri, şol sanda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hem netijeli hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar. Häzirki döwürde dünýäde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlar, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine eýerýän döwletleriň aýratyn jogapkärçiligini, jebisligini, ählumumy we sebit howpsuzlygyny saklamak işine işjeň goşant goşmaklaryny talap edýär. Bu ugurda düzümine birnäçe döwletler girýän ŞHG-niň alyp barýan işleri hem uly ähmiýete eýedir. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy ýa-da Şanhaý Pakty öz adyny bu ugurda birinji duşuşygyň geçirilen ýeri bolan Şanhaý şäherinden alýar. 1996-njy ýylyň 26-njy aprelinde Guramanyň ilkinji mejlisi Şanhaýda geçirildi. Bu Gurama häzirki döwürde halkara giňişliginde özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup durýar. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen biziň ýurdumyzy hoşniýetli, taryhy taýdan emele gelen medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, däp bolan dostlukly hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitlerine hormatly myhman hökmünde yzygiderli gatnaşmagy Watanymyzyň dünýä derejesinde abraýynyň artýandygyna, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde netijeli özara hereketleri ösdürmek meselelerinde ýurdumyzyň işjeň çykyş etmek ýörelgesine eýerýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistan ŞHG bilen syýasy-ykdysady, söwda, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň köptaraplaýyn, çeýe görnüşleri we usullary arkaly gatnaşyklary alyp barýar. Döwletimiz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hususyýetçiligi ösdürmek, telekeçileriň yzygiderli gatnaşyklary üçin şertleri döretmek boýunça has ýakyn, netijeli hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýär. Türkmenistan birnäçe döwletleriň — Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalarynyň, synçylarynyň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-de döredilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparyna goşulmagyna ýokary baha berýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň sebitde we dünýäde parahatçylygy berkitmek, işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen alyp barýan hoşniýetli gatnaşyklary dünýäde barha möhüm ähmiýete eýe bolýar.

    Aýgül MÄMMEDOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI