
617
“Türkmenistan – BMG:parahatçylygy, ynanyşmagy we dost-doganlygy üpjün etmegiň kepili” atly esse (düzme) ýazmak bäsleşigi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan 2025-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de BMG-niň döredilen güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem-de magistrleriniň arasynda “Türkmenistan – BMG: parahatçylygy, ynanyşmagy we dost-doganlygy üpjün etmegiň kepili” atly esse (düzme) ýazmak bäsleşige gatnaşmagyň şertleri we bildirilýän TALAPLAR
Esse (düzme) bäsleşige gatnaşmagyň şertleri:
1. Esse (düzme) bäsleşigine ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we magistrleri gatnaşyp biler.
2. Hödürlenýän işler esse bäsleşiginiň hödürlenen tematiki ugurlary bilen berk baglanyşykly bolmalydyr.
3. Esse bäsleşigine ýazyljak işler türkmen dilinde kabul edilýär.
4. Esse (düzme) bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler diňe bir iş hödürläp biler we birden köp awtor bolmaly däldir.
5. Esse (düzme) bäsleşige gatnaşyjylar hasaba alnyş maglumaty doldurylmaly (Times New Roman, 12 pt).
6. Esse bäsleşigine ýazylan işleri we maglumatlary 2025-nji ýylyň 15-nji oktýabryna çenli hhkafedra@gmail.com e-salga ibermeli.
7. Bäsleşigiň netijeleri 2025-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda institutyň iirmfa.edu.tm resmi web-saýtynda ýerleşdiriler.
8. Iň oňat ýazylan işleri kesgitlemekde pikiriň özboluşlylygy, işleriň mazmunynyň bäsleşigiň görkezilen mowzugyna laýyklygy göz öňünde tutular.
9. Bäsleşige tabşyrylan işleri bahalandyrmak we jemlerini jemlemek institutyň Garaşsyz eminler topary tarapyndan amala aşyrylar.
10. Bäsleşigiň ýeňijileri Diplomlar we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanylar.
11. Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2025-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda geçiriler.
HASABA ALYŞ MAGLUMATY
Familiýasy
Ady
Atasynyň ady
Okaýan ýeriniň doly ady
Okaýan fakulteti (ugry)
Elektron salgysy
Telefony
Düzmäniň ady
Düzmäniň tematiki ugry
Esse (düzme) bäsleşigine hödürlenjek işler aşakdaky talaplara laýyk gelmelidir:
• Esse (düzme) 500-1000 söz aralygynda bolmaly;
• Esse (düzme) tabşyryljak işiň teksti Times New Roman şrifti bilen ýazylmaly;
• Awtoryň ady, familiýasy, okaýan ýeri we ugry dolulygyna setiriň sag tarapy boýunça deňlemek bilen 14-lik şrifde goýygara bilen ýazmaly;
• Essäniň (düzmäniň) ady baş harplar bilen setiriň merkezi boýunça deňlenilmeli we adaty 16-lyk şrifte goýygara görnüşinde ýazylmaly;
• Essäniň (düzmäniň) galan bölegi ýazylmazdan ozal 1 setir goýbermeli;
• Essäniň (düzmäniň) esasy mazmuny 14-lik ölçegde adaty şrift bilen ýazylmaly we setiriň ini boýunça deňlenilmeli. Setirleriň arasy 1,5 lik ölçegde bolmaly;
• Sahypa ölçegi: ýokary we aşak tarapda – 2,0 sm, çep tarapda – 2,5 sm, sag tarapda – 1,5 sm bolmaly;
• Esse (düzme) word formatynda kabul edilýär (doc we docx giňeltmesi bilen).
• Esse (düzme) kabul edilenden soňra awtor tarapyndan hödürlenilen düzedişler we goşundylar kabul edilmeýär we kabul edilen resminamalar yzyna gaýtarylmaýar.
o Esse faýlynda ýazýanyň ady, familiýasy we ýokary okuw mekdebini görkezmeli we “esse” diýen söz bolmaly. (mysal üçin: Oraz Orazow_HGI_ esse)
o Maglumat faýlynda gatnaşyjynyň ady, familiýasy we ýokary okuw mekdebi görkezmeli we “maglumat” diýen sözi bolmaly. (mysal üçin: Oraz Orazow_HGI_ maglumat)
Esse (düzme) ýazmak üçin hödürlenýän tematiki ugurlar:
- Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy.
- Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň we kämilleşmeginiň esasy döwürleri.
- Halkara hukuk resminamalaryň işlenip taýýarlanylmagynda we kabul edilmeginde BMG-niň orny.
Bäsleşigiň möhletleri:
2025-nji ýylyň 15-nji oktýabry – esse işleri tabşyrmagyň iň soňky güni.
2025-nji ýylyň 24-nji oktýabry – bäsleşige gatnaşanlary we ýeňijileri sylaglamak.