Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Täze «iPhone» öňküsinden gymmat bolarmy?
    Täze «iPhone» öňküsinden gymmat bolarmy? surady
    10/07/2023

    803

    Täze «iPhone» öňküsinden gymmat bolarmy?

    Bu çaklama «Apple» kompaniýasynyň direktory Tim Kuk tarapyndan aýdylýar.

    Ol «iPhone 15»-iň bahasynyň ýokarlanmagyny şu sebäpler bilen düşündirýär:

    * 48 megapikselli esasy kamera eýe bolar;

    * A17 prosessora eýe bolar we 3nm tehnoprosessory arkaly işläp çykarylar;

    * ilkinji gezek «optic zoom» üçin periskop ornaşdyrylar.

    Kompaniýanyň önümleriniň taryhyna göz aýlasak, 2017-nji ýyldan bäri, nyrhlaryň üýtgemän gelýänini görýäris. Ýadyňyzda bolsa şol ýyl «iPhone X» 999 amerikan dollar bilen müşderilerine gowşupdy. Häzir şu pula 6,1 dýuýmly «iPhone 14 Pro» satyn alyp bilýäris. Üstüne 100 amerikan dollaryny goşsak, «14 Pro Max»-yň eýesine öwrülýäris. Bu nesilden-nesle geçme «iPhone 6 Plus»-dan bäri dowam edip gelýär. Ýöne soňky nesilleriň täzelenmesiniň biraz gymmatlamagy sebäpli, «Apple» kompaniýasy beýleki ýurtlarda smartfonlaryň bahasyny birnäçe gezek ýokarlandyrdy. Aslynda, soňky nyrh ýokardyrma diňe «iPhone 14» seriýasy üçindi. Indi kompaniýa ABŞ-da nyrhy uzak wagtyň dowamynda üýtgewsiz ýagdaýda saklap bilmez. «iPhone 15»-den başlap, «Apple» smartfonlarynyň nyrhy diňe bir ýer eýelerinde däl, bütin dünýäde hem gymmatlar.

    «TechRadar» portalynyň hünärmenleri geljekki «iPhone»-laryň nyrhynyň ýokarlanmagyny smartfonyň özüne düşýän gymmatynyň artmagy bilen düşündirýärler. «Iphone 14» bilen deňeşdirilende, geljekki nesliň esasy modellerini işläp çykarmak kompaniýa 12 göterim gymmat düşer. «Pro» modeliniň nyrhy bolsa geçen ýyla garanyňda, 20 göterim ýokarlanar. Eger «Apple» iň bolmanda, ABŞ-da «däp bolan nyrhy» saklap galanynda-da, millionlap dollar ýitgi çeker. Ýeterlik derejede wepaly müşderisi bolsa-da, kompaniýa bu ýagdaýa «göz ýumup» bilmeýär.

    Nyrhlaryň 20 göterim ösüşini hasaba alsak, onda ähli modelleriň 100 amerikan dollar gymmatlamagyna garaşybermeli. Ýöne kompaniýa ýadyň mukdaryny köpeltmek bilen, müşderileriniň «gözüni baglap» biler. Häzir smartfon bazarynda 128 GB ýada eýe «iPhone 14» 799, 256 GB-lik görnüşi bolsa 899 amerikan dollaryndan satylýar. Tapawudy bary-ýogy 100 dollar. Eger «Apple» mekirlik edip, 128 GB ýada eýe smartfonyny «hatardan çykarsa», geljekki 256 GB-lik «iPhone 15» 899 dollardan başlar. Göräýmäge, nyrh ýokarlandyrma ýok ýalydyr, ýöne gelýän girdeji weli köpeler.

    Ýeri gelende aýtsak, «Wall Street»-de 20 ýyldan bäri tehnologiýa analitigi bolup işleýän Daniel Aýwes hem «iPhone 15»-iň ortaça nyrhynyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar. Ol bu barada «CNBC» teleýaýlymynyň wekillerine beren interwýusynda aýtdy.

    Onuň pikirine görä, 128 GB-lik ýokary pikselli kameraly smartfon üçin ýeterlik däl. Eger geljekki nesliň ýady 256 GB-den başlasa, «iPhone 15 Pro» modeli edil häzirki «iPhone 14 Pro» ýaly 1099 amerikan dollardan başlar. Bu hilä «Apple» baş goşmaz, ýöne programma üpjünçiliginde bolup biläýjek ýagdaý. Şeýlelikde, geljekki nesil «Apple» smartfonlarynyň bazara öňkülerden gymmat girmek ähtimallygy juda ýokary. Şonuň üçin hem «Hiçden giç ýagşy» bolsa-da, «iPhone» almak üçin güýzüň gelmegine garaşmaň.

    Jahantäç ÖWEZOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    halkara žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby, «Biznes reklama»

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI