30/11/-0001
464
SPORT ARBITRAŽ KAZYÝETI
Sport arbitraž kazyýeti (Court of Arbitration for Sport (CAS), Tribunal Arbitral du Sport (TAS) sport bilen baglanyşykly jedelleri çözýän halkara arbitraž edarasydyr.
Kazyýetiň baş edarasy Lozannada (Şweýsariýa) ýerleşýär. 1996-njy ýylda ABŞ-da (Denwer, soňra Nýu-Ýork) we Awstraliýada (Sidneý) kazyýet bölümleri döredildi. Ilki başda käbir yzygiderli ýaryşlaryň dowamlylygy üçin hemişelik däl tribunallar hökmünde döredildi.
Taryhy
Sport Arbitraž Kazyýetiniň döredilmeginiň başlangyjy 1980-nji ýylda Halkara Olimpiýa Komitetiniň başlygy wezipesine saýlanan Huan Antonio Samaranç tarapyndan hödürlenildi. Ol Senegally Kebe Mbaye şeýle edaranyň taslamasyny taýýarlamagy tabşyrdy. 1983-nji ýylda Halkara olimpiýa komiteti kazyýet döretmek hakynda kararyna geldi we 1984-nji ýylda onuň düzgünnamasy tassyklandy. Mbaye kazyýetiň ilkinji prezidenti boldy we 2007-nji ýylda ömrüniň ahryna çenli şol wezipäni alyp bardy. Sport Arbitraž Kazyýeti ilkinji ýyllarynda Halkara olimpiýa komitetinde hasaba alyndy.
2003-nji ýylyň 5-nji martynda dünýäniň sport federasiýalarynyň köpüsi täze Bütindünýä antidoping kodeksini tassyklady, bu CAS halkara doping jedelleri baradaky kararlar baradaky şikaýatlara garamaga ygtyýarly edara hökmünde ykrar edildi.
Gurluşy
Kazyýet iki palatadan ybarat bolup, olaryň birinjisi jedelleri birinji kazyýet instansiýasy hökmünde seredýär, beýlekisi bolsa öňki seredilen işler boýunça appelýasiýa kazyýeti hökmünde işleri alyp barýar.
Kazylary gaýtadan bellemek mümkinçiligi bilen, ICAC (The International Commercial Arbitration Court) tarapyndan dört ýyl möhlet bilen bellenilýär. Her bir kazy, iki palatanyň ygtyýarlyklary boýunça kazyýet işlerine seredip biler. Kazyýetlere diňe 1 kazy ýa-da 3 kazylar toparynyň bir bölegi hökmünde seredilýär. CAS-yň düzümine azyndan 150 kazylar girmeli, 2007-nji ýylda bolsa CAS-yň düzümine 275 kazylardan ybarat bolupdyr.
Mundan başga-da, birnäçe iri halkara ýaryşlarynda jedelleriň çözülmegini çaltlaşdyrmak maksady bilen hemişelik däl tribunallar hem döredilýär.
a) 1996-njy ýyldan bäri - Olimpiýa oýunlarynda;
b) 1998-nji ýyldan bäri - Ýoldaşlyk oýunlarynda;
c) 2000-nji ýyldan bäri - Ýewropa Futbol çempionatynda;
d) 2006-njy ýyldan bäri - Dünýä çempionatlarynda;
e) 2014-nji ýyldan bäri - Aziýa oýunlarynda.
Sport arbitraž kazyýetinde jedeller
CAS-yň garamagyna girýän jedelleri "täjirçilik" we "düzgün-nyzam" diýip bölmek mümkin. Doping ulanmak bilen baglanyşykly diskwalifikasiýa baradaky jedeller iň köp seredilýän jedellerdir. Şol bir wagtyň özünde, CAS “täjirçilik” jedelleriniň köpüsini kazyýetiň birinji instansiýasy tarapyndan seredilýär, “düzgün-nyzam” jedeller bolsa, adatça ikinji instansiýa kazyýeti işe seredenden soň iş arbitraž kazyýete geçirilýär.
Kazyýetiň başlyklary
a) Keba Mbaye (Senegal) - kazyýet döredilen pursadyndan - 2007-nji ýyla çenli;
b) Mino Auletta (Italiýa) - 2008-nji ýyldan - 2010-njy ýylyň ahyryna çenli;