Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
        • PRESENTATION COMPETITION WAS HELD
    • International cooperation
      • Meetings
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
        • SCIENTIFIC-PRACTICAL CONFERENCE WAS HELD
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi) / Şahyryň sözi gysga, şerhi köp
    Şahyryň sözi gysga, şerhi köp surady
    20/06/2023

    770

    Şahyryň sözi gysga, şerhi köp

    6. «Bir müňi...»

    Şahyryň «Dursa gerekdir» atly şygrynda (görkezilen neşir, 140 sah.) bir bendiň başdaky iki setiri şeýle nusgada ýerleşdirilen:
    Üç müň ýyllyk ýoldur, müňi çykyşdan,
    Bir müňi henwardyr, müňi inişden.
    Ikinji setirdäki «henwar» diýen sözüň aňladýan manysyny öwrenmek maksady bilen, türkmen, arap, pars dilleriniň sözlüklerine ýüzlenip gördük. Biz nusgada görkezilen «henwar» diýen söze gabat gelmedik. Bu söz «hämwardyr» diýip okalan ýagdaýynda ol setirde aýdyljak bolunýan mana has laýyk gelýär. «Hämwar» düz, tekiz diýen ýaly manylary berse, «inişden» bu ýerde «beýikli-pesli» diýen manydadyr. Ol setir asyl görnüşinde şeýle bolsa gerek: Bir müňi hämwardyr, müňi inişden.

    7. «Galam titrär»

    Şahyryň «Dursa gerekdir» atly şygrynyň (görkezilen neşir, 137 sah.) bir setiri şeýle nusgada çap edilen: Galam titrär ýetimleriň zaryndan.
    Türkmenlerde: «Eger ýetim aglasa, Älemde melek (perişde) aglar» diýen pähim bar. Şundan ugur alsak, bu ýerdäki birinji söz «galam» däl-de, «älem» bolmaly.
    «Galam» sözi arap elipbiýinde üsti iki nokatly «kaf» «lam», «mim» harplary bilen ýazylýar. «Älem» sözi «aýn», «elif», «lam», «mim» harplary bilen ýazylýar. Bu ýagdaýyň nähili bulaşdyrylandygyny bize düşündirmek kyn.

    8. «Aly, Mamun, Abisdama deň bolsa»
    Magtymguly Pyragynyň diwanynda «San bolsam» atly ajaýyp şygyr bar. Onda akyldar şahyrymyz durmuşda halallyk, ynsanperwerlik bilen özünden ozal gadymy Gündogarda ýaşan, belent mertebä, şan-şöhrata ýeten meşhur ynsanlaryň sanyna-hataryna goşulmagy dileg edýär. Şol şygyrda bir bent dürli ýyllarda neşire taýýarlanan kitaplarda dürli görnüşde okyjylara hödürlenipdir. Mysal üçin:
    Abubekir gan ýyglap, fesada galsa, Aly, Mamun, Abisdama deň bolsa.
    (Magtymguly, Aşgabat, 1959, 154 sah.).
    Ýa-da:
    Abu Bekr gan ýyglap, Farsda galsa,
    Aly, Mamun, Abisdama deň bolsa.
    (Magtymguly. Eserler ýygyndysy, Aşgabat, 2013, 1-nji jilt, 69 sah.).
    Bularyň ikisinde hem setirlerdäki sözler asyl nusgasyndaka gabat gelmeýär diýen netijä gelýäris. Taryha ser salsak, dört çaryýarlaryň biri hezreti Abubekir hiç wagt Fars welaýatynda bolup görmändir. Ýene-de bir sowal ýüze çykýar: dört çaryýarlardan hezreti Alynyň deňleşmegi dileg edilýän, bize näbelli bolan Abisdam diýen şahsyýet kim bolmaly? Galyberse-de, hezreti Alynyň mertebe derejesi ady ýatlanylýan Mamunyňkydan has belent ahyryn.
    Biziň gelen netijelerimize görä, bu setir aşakdaky ýaly nusgada okalsa, dogry bolardy:
    Abubekir gan ýyglap, fesada galsa,
    Ähli mömin, ol Bestama deň bolsa.
    Fesad — pars dilinde pitne, gozgalaň diýen manyda.
    Bestamy — türkmeniň beýik ogly, yslam dininde pirleriň piri (Kutb-ul-aktab) derejesine ýeten. Ol miladynyň 775 — 875-nji ýyllarynda ýaşan. Biziň pikirimizçe, neşire taýýarlanlar üsti «otur» belgili «elip» bilen «lam» harplarynda ýalňyşlyk goýberipdirler we «ol Bestama» diýen jümle «Abisdama» diýip okalypdyr.

    Latest News

    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP surady

    26/11/2024

    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP
    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP surady

    25/11/2024

    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP
    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP surady

    23/11/2024

    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI