Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
        • PRESENTATION COMPETITION WAS HELD
    • International cooperation
      • Meetings
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
        • SCIENTIFIC-PRACTICAL CONFERENCE WAS HELD
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi) / Şahyryň sözi gysga, şerhi köp
    Şahyryň sözi gysga, şerhi köp surady
    12/06/2023

    977

    Şahyryň sözi gysga, şerhi köp

    4. «Şa bol ýa geda»
    Aryf-danamyzyň «Gyzdyr bu dünýä» (görkezilen neşir, 247 sah.) atly şygrynda şu iki setir şeýle nusgada çapa taýýarlanypdyr:
    Magtymguly, sözi tükenmez eda,
    Ajal ýakaň tutar, şa bilen geda.
    Ikinji setirdäki «Şa bilen geda» diýen jümlede nätakyklyk gidipdir diýen karara gelýäris. Çünki ol setir:
    Ajal ýakaň tutar, şa bol ýa geda — diýen nusgada okalanda, asyl manysyna eýe bolýar.
    5. «Bilgil, uzak gitmez aýy dostlugy»
    Aryf-danamyzyň «Daş döker» atly şygryndan iki setire hem düşündiriş bersek, ýerlikli bolsa gerek:
    Bilgil, uzak gitmez aýy dostlugy,
    Gahry gelse, depäň üzre daş döker.
    Bu setirleriň aňyrsynda ýatan rowaýaty bilmeýän okyja aýdylýan pikiriň düşnüksiz boljakdygy ikuçsuz. Bularyň syryny, ine, şu ýerden idemeli. Gündogaryň beýik akyldary Jelaleddin Rumynyň 6 jiltden ybarat «Mesnewi» diwanynda şygyr setirleri bilen beýan edilmegine görä, gadymy zamanlar örän dogumly, sary ýaýynyň kirşini çekip, ep-esli uzaklykdan keýik awlamagy başarýan awçy bolupdyr. Ol bir gün daga awa çykanda, arçanyň arkasynda bir aýynyň janhowluna bögürýändigini eşidip, ol tarapa ýönelýär. Sary ýaýynyň kirşine peýkamy salyp, atmaga taýýar bolup barşyna, öňde geçigaplaňyň bir aýa hüjüm edýändigini görýär. «Haýt!» diýip gygyryp, aýa kömek etmek isleýär. Geçigaplaň awçydan gorkup, dessine gözden ýitýär. Awçy ýaralanan aýa melhem edip, ony bejerýär. Ýigit oba dolananda, aýy onuň yzyna düşüp gaýdýar.
    Ol ýigidiň obadaky dosty awçynyň aýy bilen gelendigini eşidip, onuň ýanyna baryp: «Dost, her näme bolsa-da, aýy —wagşy haýwan! Wagşy haýwandan dost bolmaz, gowusy, ony daga äkidip, ýabany durmuşa goýber!» diýip maslahat berýär. Awçy dostunyň bu maslahatyny kabul etmeýär. Tersine, onuň aýdanlaryny göripçilik diýip hasaplaýar. Ol aýy bilen dost bolup, onuň bilen awa çykyp geziberýär…
    Bir gün awçy dagda aw gözläp ýadaýar hem-de bir uly gowakda goş ýazdyryp, biraz irkilýär. Aýy hem onuň ýanynda ekeni. Bir siňek gelip, awçynyň ýüzüne gonýar. Aýy ony penjesini galgadyp kowýar. Bu ýagdaý iki-üç gezek gaýtalanýar. Siňek ýene-de gelip, awçynyň ýüzüne gonýar. Gahary gelen aýy gapdalda ýatan äpet ýasy daşy alyp, awçynyň ýüzüne gonan siňegiň üstünden inderýär…
    Şeýlelikde, awçy bende şol ýerde ýalançy bilen hoşlaşýar. Aýy bolsa awçynyň oýanmajakdygyna göz ýetirip, gowagy taşlap, ýene-de ýabany ýaşaýşa gidýär.
    Gündogaryň beýik söz ussady Jelaleddin Rumynyň birnäçe beýtlik şygry akyldar şahyrymyzyň ýokardaky şygrynyň iki setirinde öz beýanyny tapýar.

    Juma ATAÝEW,
    terjimeçi žurnalist.

    Çeşme şu ýerden alnan: 
    https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/50/articles/108216

    Latest News

    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP surady

    26/11/2024

    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP
    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP surady

    25/11/2024

    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP
    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP surady

    23/11/2024

    ŞAHYRYŇ SÖZI GYSGA, ŞERHI KÖP
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI