Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / News / Paýtagtymyzda “AK ŞÄHERIM AŞGABAT” atly XXII köpugurly halkara sergisi geçiriler
    Paýtagtymyzda “AK ŞÄHERIM AŞGABAT” atly XXII köpugurly halkara sergisi geçiriler surady
    24/05/2023

    1292

    Paýtagtymyzda “AK ŞÄHERIM AŞGABAT” atly XXII köpugurly halkara sergisi geçiriler

    Ata Watanymyzyň ýüregi mermer Aşgabat Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen dünýäde arzuwlanýan şähere öwrülýär. Sebitiň hem-de dünýäniň iň amatly şäheri bolan gözel Aşgabat soňky döwürde dünýäniň işewürlik merkezi hökmünde hem uly meşhurlyga eýedir. Muňa bu ajaýyp mekanda dünýä ähmiýetli halkara çäreleriniň yzygiderli guralýandygy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Toýlary toýa ulaşýan ata Watanymyzda Arkadagly Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 24-25-nji maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli “Ak şäherim Aşgabat” atly XXII köpugurly halkara sergisi geçiriler. Aşgabat şäher häkimligi bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda bilelikde guraýan bu giň möçberli halkara sergisinde paýtagtymyzda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynda Aşgabady dünýäniň iň owadan we ýaşaýyş üçin has amatly şäherleriň birine öwürmek babatdaky belent maksat öz beýanyny tapar. 2023-nji ýylyň 24-25-nji maýynda paýtagtymyzda Aşgabat şäheriniň 142 ýyllygy mynasybetli 22-nji halkara köpugurly sergisi geçiriler. Adatça bolşy ýaly, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Aşgabat şäher häkimligi bilen her ýylda geçirilýän halkara sergisine ýerli hem daşary ýurt kompaniýalarynyň 140-sy, edara kärhanalar we hususy telekeçiler gatnaşarlar. Bu sergi, esasan, gözel paýtagtymyz Aşgabatda alnyp barylýan köpugurly gurluşyk işlerine, şäheriň ykdysadyýetinde, ylym, bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamynda gazanylan üstünliklere bagyşlanýar. Bu sergi Aşgabat şäheriniň gurluşygyna we ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurtlardan maýa goýumlary çekmekde, we ykdysady-söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Sebitiň iri işewürlik we medeni merkezi hökmünde ykrar edilen merjen paýtagtymyz ýokary depginler bilen ösýän häzirki zaman şäherleriniň ähli özboluşly aýratynlyklaryny özünde jemleýär. Ak şäherimiz Aşgabatda gözellik, rahatlyk, binagärlik sungatynyň we inžener-tehniki ylmyň öňdebaryjy gazananlary sazlaşykly utgaşýar. Milli binagärligiň gadymy däpleri bolsa, bu sazlaşygyň özenini düzýär. Munuň özi Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, şäher düzümlerini kämilleşdirmäge döwlet tarapyndan aýratyn ähmiýet berilýändiginiň aýdyň görkezijisidir. “Ak şäherim Aşgabat” atly XXII köpugurly halkara sergisine ýurdumyzdan ýüzlerçe, daşary ýurtlardan hem onlarça kompaniýalar şäher durmuşynyň ähli taraplaryny öz içinde alýan ugurlar boýunça sergi pawilýonlarynda orun alarlar. Bu gezekki sergi ýurdumyzyň halk hojalygyna degişli dürli pudaklaryň we düzümleriň täze teklipleri we gazananlary bilen tanyşdyrylýan meýdança öwrüler. Sergide ýerleşdiriljek diwarlar Aşgabadyň senagat, medeni we intellektual kuwwaty, onuň durmuş-ykdysady taýdan örän uly möçberli serişdeleri we mümkinçilikleri bilen tanyşdyrar. Şeýle hem türkmen telekeçileriniň şähergurluşyk ulgamynda dünýäniň işewürlik toparlary bilen ozal bar bolan gatnaşyklary pugtalandyrmaga we geljekde işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmaga bolan gyzyklanmalaryna täze mümkinçilikleri açar. Köpugurly halkara serginiň dowamynda tanyşdyrylyş, haryt öwreniş çäreleri, duşuşyklar, gepleşikler geçirilýär. Munuň özi işewür hünärmenlerde uly gyzyklanma döreder hem-de hyzmatdaşlygyň köp ugurlary, şol sanda Aşgabat şäherine täze maýa goýumlaryny, tehnologiýalary çekmekde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly goşant goşar. “Ak şäherim Aşgabat” atly XXII köpugurly halkara sergisiniň ýokary derejede geçirilmegi üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, mukaddes peder ýoluna eýerýän Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys. Gözel Diýarymyzyň paýtagty mermer Aşgabadyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi we täze-täze ösüşlere eýe bolmagy ugrunda alyp barýan işlerine rowaçlyklary arzuw edýäris.


    Sülgün NEPESOWA,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.

    Latest News

    CELEBRATIONS HELD IN HONOR OF WORLD BICYCLE DAY surady

    03/06/2025

    CELEBRATIONS HELD IN HONOR OF WORLD BICYCLE DAY
    COMPETITION “MULTILINGUALISM AS A KEY TO EFFECTIVE COMMUNICATION” WAS HELD surady

    03/06/2025

    COMPETITION “MULTILINGUALISM AS A KEY TO EFFECTIVE COMMUNICATION” WAS HELD
    AN ONLINE SEMINAR ON INTERNATIONAL CHILDREN’S DAY  WAS HELD surady

    02/06/2025

    AN ONLINE SEMINAR ON INTERNATIONAL CHILDREN’S DAY WAS HELD
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI