Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
        • PRESENTATION COMPETITION WAS HELD
    • International cooperation
      • Meetings
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
        • SCIENTIFIC-PRACTICAL CONFERENCE WAS HELD
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Young Messengers of Peace / «Parahatçylygyň ýaş çaparlarynyň» nobatdaky oýny geçirildi
    «Parahatçylygyň ýaş çaparlarynyň» nobatdaky oýny geçirildi surady
    30/11/-0001

    1281

    «Parahatçylygyň ýaş çaparlarynyň» nobatdaky oýny geçirildi

    2023-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň I saýlama tapgyrynyň III oýny geçirildi.
    «Dialog — parahatçylygyň kepili: gadymy eýýamyň diplomatik mirasynda parahatçylyk medeniýeti» atly umumy şygar astynda geçirilýän bu bäsleşigiň III oýnunyň temasy «Gadymy Müsüriň we Mesopotamiýanyň medeni-diplomatiki mirasy: Ýakyn we Orta Gündogar üçin parahatçylyk sapaklary» diýlip atlandyryldy. Ýeri gelende belläp geçsek, 2023-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaş diplomatlar mekdebiniň gurnamagynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň I saýlama III oýnunyň temasy bilen baglanyşykly bäsleşige gatnaşýan mekdep okuwçylary üçin umumy okuw sapagy geçirildi. Umumy okuw sapagyny Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň sözlükçilik, adalgaşynaslyk we söz medeniýeti bölüminiň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty, dosent Akmyrat Babaýew geçirdi.
    Akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň I saýlama tapgyrynyň III oýnuna Mary welaýatynyň Mary etrabyndaky 1-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Jahan Atamyradowa, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky takyk we tebigy ugurlardan ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Begmuhammet Orazow, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçylary Haýdar Döwranow, Serdar Muhyýew, Baýram Öwezmyradow, şeýle-de şol mekdebiň 11-nji synp okuwçylary Sahydöwlet Hümmetjumaýew, Jennet Çaryýewa, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Şyhdurdy Şyhyýew, Balkanabat şäherindäki umumybilim berýän 5-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Tylla Gaýybowa, Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Şirin Rahmanberdiýewa, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçylary Allanazar Ataýew, Allanur Hudaýnazarow, Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki 8-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Sülgün Abdyrahmanowa, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 35-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Aýgül Sähedowa, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky 5-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Güýçmyrat Gulamow, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki 21-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Saparmyrat Tekäýew dagy gatnaşdylar.
    Akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň I saýlama tapgyrynyň III oýnuna «Pähimdarlar geňeşiniň» agzalary hökmünde, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň baş ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty Akjagül Nurgeldiýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alym kätibi, taryh ylymlarynyň kandidaty Kakajan Janbekow, şeýle-de şol institutyň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty, dosent Akmyrat Babaýew dagy adalatly eminlik etdiler.
    Çekeleşikli geçen bäsleşigiň netijelerine görä, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Şyhdurdy Şyhyýew, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Allanazar Ataýew, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Sahydöwlet Hümmetjumaýew, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 35-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Aýgül Sähedowa III oýnuň ýeňijileri diýlip yglan edildi.
    Akyl-paýhas bäsleşiginiň bu oýnuna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasy, «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti, «Ýedi dogan» hususy kärhanasy, «Muhammet Balkan» hojalyk jemgyýeti, «Ak gar» hojalyk jemgyýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy hemaýatkärlik etdiler. Ýeňijiler we bäsleşige gatnaşyjylar hemaýatkärler tarapyndan taýýarlanylan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar.
    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň I saýlama tapgyrynyň III oýny «Miras» teleýaýlymy bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasy tarapyndan bilelikde ýazgy edildi. Bäsleşik ýakyn günlerde «Miras» teleýaýlymynda tomaşaçylara ýetiriler.

    Gurbansähet GURBANSÄHEDOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

    Latest News

    The Winners of the 4th Season of the Intellectual Competition "Young Messengers of Peace" Were Announced surady

    07/05/2025

    The Winners of the 4th Season of the Intellectual Competition "Young Messengers of Peace" Were Announced
    THE FINAL GAME OF THE 4TH SEASON OF THE INTELLIGENCE COMPETITION “YOUNG MESSENGERS OF PEACE” ON THE TOPIC “TRIUMPH OF THE PEACE-KEEPING  POTENTIAL OF NEUTRAL TURKMENISTAN” surady

    25/04/2025

    THE FINAL GAME OF THE 4TH SEASON OF THE INTELLIGENCE COMPETITION “YOUNG MESSENGERS OF PEACE” ON THE TOPIC “TRIUMPH OF THE PEACE-KEEPING POTENTIAL OF NEUTRAL TURKMENISTAN”
    Finalists of the Intellectual Competition Announced surady

    25/04/2025

    Finalists of the Intellectual Competition Announced
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI