Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
        • PRESENTATION COMPETITION WAS HELD
    • International cooperation
      • Meetings
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
        • SCIENTIFIC-PRACTICAL CONFERENCE WAS HELD
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Young Messengers of Peace / «Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: ikinji möwsümiň netijeleri
    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: ikinji möwsümiň netijeleri
    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: ikinji möwsümiň netijeleri
    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: ikinji möwsümiň netijeleri
    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: ikinji möwsümiň netijeleri
    16/05/2023

    1322

    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: ikinji möwsümiň netijeleri

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň alyp barmagynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň 2022-2023-nji okuw ýylyndaky II möwsüminiň final oýny geçirildi. «Dialog — parahatçylygyň kepili: gadymy eýýamyň diplomatik mirasynda parahatçylyk medeniýeti» atly umumy şygar astynda geçirilýän möwsümiň final oýnunyň temasy «Parahatlyk daragty — nesiller dowamaty» diýlip atlandyryldy.
    Akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň final oýnuna Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Mekan Agahanow, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 24-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Anwar Bekmedow, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep internatynyň 11-nji synp okuwçysy Yhlas Hallyýew, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw derslerini çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 10-nji synp okuwçysy Güljan Serdarowa we şol mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Dawut Gezerow, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 35-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Aýgül Sähedowa, Aşgabat şäheriniň 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Döwletmyrat Arazow, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherindäki takyk we tebigy ugurlardan ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Azat Amansähedow dagy gatnaşdylar.
    Akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň final oýnuna «Pähimdarlar geňeşiniň» agzalary hökmünde, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň doktory, Ykdysady Hyzmatdaşlyk guramasynyň «Taryh, medeniýet, edebiýat we şekillendiriş sungaty» ugry boýunça sylagyň eýesi Ýazgylyç Orazgylyjow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Karaýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sapar Berdinyýazow dagy adalatly eminlik etdiler.
    Final oýny tamamlanandan soňra institutymyzyň mejlisler zalynda ýeňijileri sylaglamak mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabaranyň dowamynda bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de beýleki hemaýatkärleriň taýýarlan gymmatbahaly sowgatlary, institutymyzyň degişli şahadatnamalary we Hormat hatlary hem-de medallary bilen sylaglandylar. Baş baýraga mynasyp bolan ýaş çapara bäsleşigiň Göçme kubogy gowşuryldy.
    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň final oýnunyň netijeleri:
    3-nji orna Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Mekan Agahanow, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw derslerini çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 10-nji synp okuwçysy Güljan Serdarowa, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 24-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Anwar Bekmedow, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherindäki takyk we tebigy ugurlardan ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Azat Amansähedow;
    2-nji orna Mary welaýatynyň Mary şäheriniň iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw derslerini çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Dawut Gezerow, Aşgabat şäheriniň 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Döwletmyrat Arazow;
    1-nji orna Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 35-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Aýgül Sähedowa;
    Baş baýraga hem-de Göçme kuboga Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep internatynyň 11-nji synp okuwçysy Yhlas Hallyýew mynasyp boldy.
    Ýeňijileri sylaglamak dabarasy jemlenenden soňra geçirilen bäsleşigiň dessury boýunça ýeňiji bolan ýaş çaparlar parahatçylygyň nyşany hasaplanylýan ak kepderileri institutyň baş binasynyň öňünde asuda asmana uçurdylar.
    Akyl-paýhas bäsleşiginiň final oýnuna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasy, «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti, «Ýedi dogan» hususy kärhanasy, «Muhammet Balkan» hojalyk jemgyýeti hem-de «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti hemaýatkärlik etdiler.
    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň final oýny «Miras» teleýaýlymy bilen institutyň okuw studiýasy tarapyndan bilelikde ýazgy edildi. Bäsleşigiň final oýny ýakyn günlerde «Miras» teleýaýlymynda tomaşaçylara ýetiriler.

    Çeşme şu ýerden alnan:
    https://www.turkmenistan.gov.tm/tk/habar/72338/parahatcylygyn-yas-caparlary-ikinji-mowsumin-netijeleri

    Latest News

    The Winners of the 4th Season of the Intellectual Competition "Young Messengers of Peace" Were Announced surady

    07/05/2025

    The Winners of the 4th Season of the Intellectual Competition "Young Messengers of Peace" Were Announced
    THE FINAL GAME OF THE 4TH SEASON OF THE INTELLIGENCE COMPETITION “YOUNG MESSENGERS OF PEACE” ON THE TOPIC “TRIUMPH OF THE PEACE-KEEPING  POTENTIAL OF NEUTRAL TURKMENISTAN” surady

    25/04/2025

    THE FINAL GAME OF THE 4TH SEASON OF THE INTELLIGENCE COMPETITION “YOUNG MESSENGERS OF PEACE” ON THE TOPIC “TRIUMPH OF THE PEACE-KEEPING POTENTIAL OF NEUTRAL TURKMENISTAN”
    Finalists of the Intellectual Competition Announced surady

    25/04/2025

    Finalists of the Intellectual Competition Announced
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI