Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
        • PRESENTATION COMPETITION WAS HELD
    • International cooperation
      • Meetings
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
        • SCIENTIFIC-PRACTICAL CONFERENCE WAS HELD
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Young Messengers of Peace / «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigi
    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigi
    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigi
    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigi
    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigi
    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigi
    19/01/2022

    1401

    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigi

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 3-nji oýny geçirildi. Diplomatiýa ýokary mekdebiniň taslamasy Türkmenistanyň diplomat hünärini saýlamaga höwesek ýokary synp okuwçylaryna niýetlenip guraldy hem-de çagalary hünäre gönükdirmäge, şeýle hem olaryň arasyndan zehinililerini gözlemäge gönükdirilendir. Bäsleşigiň düzgünlerine görä, oňa ýokary synp okuwçylarynyň sekizisi gatnaşdy. Olar Aşgabadyň we Ahal welaýatynyň mekdeplerinden 3 oglandan we 5 gyzdan ybarat boldy.
    Bäsleşige gatnaşanlar öz bilim-düşünjelerini ulanyp, «Garahanly we Gaznaly türkmen döwletleriniň daşary syýasaty we diplomatiýasy» mowzugyndan sowallara jogap bermelidiler.
    Ozalky iki bäsleşikde bolşy ýaly, bu bäsleşik hem institutyň okuw binalarynyň birinde gurlan tükmeniň ak öýünde geçirildi. Guramaçylaryň, ussalaryň, etnograflaryň tagallasy bilen bu gadymy türkmen öýi milli dessurlaryň ählisine laýyk gurlupdyr. Oýnuň guramaçylarynyň pikirine görä, ol bäsleşigiň geçirilýän esasy ýeri bolmaly. Bu ýerde okuwçylar Oguz hanyň haly görnüşde dokalan sekizburç ýyldyzynyň burçunda hersi öz ornunda durýar. Bäsleşýänlere sowallar berilýär, olaryň jogaby diňlenilýär, her bir dogry jogap üçin Parahatlyk ýaýy we utuk berilýär, olar ädimme-ädim arzyly maksada we Oguz hanyň Ýyldyzynyň merkezine ýetmäge mümkinçilik berýär.
    Birinji tapgyryň üçünji bäsleşiginde emin agzalarynyň pikirine görä, Aşgabat şäheriniň 2-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Diana Bespalowa bilen Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Hojamyrat Baýlyýew öňe saýlandylar.
    Olar bilimi, bäsleşige taýýarlygy, oňa işjeň gatnaşanlygy we ýeňşi üçin «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas taslamasynyň ýarym finalyna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Mundan başga-da, olara «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň adyndan planşet gowşuryldy. Oýna gatnaşanlaryň sekizisine-de çäräniň beýleki hemaýatkärlerinden sowgatlar we bäsleşigi guran ýokary okuw mekdebiniň adyndan sertifikatlar gowşuryldy.
    Bu bäsleşige «Pähimdarlar geňeşiniň» agzalary hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa ýurtlary bölüminiň geňeşçisi, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nurberdi Amanmyradow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň türkmen taryhynyň golýazma çeşmeleri bölüminiň müdiri Geldimyrat Muhammedow hem-de uly ylmy işgäri Orazgeldi Aşyrow dagy adalatly eminlik etdiler.
    Ýokary synp okuwçylary üçin «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 3-nji oýny ýakyn günlerde «Miras» milli teleýaýlymynda görkeziler.
    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 4-nji oýny şu ýylyň 15-nji fewralynda geçiriler. Onda sekiz oýunçydan ybarat täze topar bäsleşige gatnaşyp, olar Beýik Seljuklar döwletiniň daşary syýasaty hem-de diplomatiýasy barada bilimlerini görkezerler.

    Anatasiýa Kasýanowa

    Çeşme şu ýerden alnan:

    https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/60297/parahatcylygyn-yas-caparlary-atly-akyl-payhas-baslesigi

    Latest News

    The Winners of the 4th Season of the Intellectual Competition "Young Messengers of Peace" Were Announced surady

    07/05/2025

    The Winners of the 4th Season of the Intellectual Competition "Young Messengers of Peace" Were Announced
    THE FINAL GAME OF THE 4TH SEASON OF THE INTELLIGENCE COMPETITION “YOUNG MESSENGERS OF PEACE” ON THE TOPIC “TRIUMPH OF THE PEACE-KEEPING  POTENTIAL OF NEUTRAL TURKMENISTAN” surady

    25/04/2025

    THE FINAL GAME OF THE 4TH SEASON OF THE INTELLIGENCE COMPETITION “YOUNG MESSENGERS OF PEACE” ON THE TOPIC “TRIUMPH OF THE PEACE-KEEPING POTENTIAL OF NEUTRAL TURKMENISTAN”
    Finalists of the Intellectual Competition Announced surady

    25/04/2025

    Finalists of the Intellectual Competition Announced
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI