04/09/2026
45
ONLAÝN USULY-OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 4-nji sentýabrynda ‹‹Sanly bilim ulgamynda hünärmenleriň tejribesini we geýmifikasiýa usullaryny ulanmagyň netijeligi›› atly onlaýn usuly-okuw maslahaty geçirildi.
Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary bilen birlikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň jogapkär wekilleri, hünärmenleri we professor-mugallymlary onlaýn gatnaşdylar.
Onlaýn usuly-okuw maslahatyny Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Kompýuter tehnologiýasy we ulgamlary kafedrasynyň mugallymy Nurmyradowa Tyllagözel alyp bardy. Maslahatyň dowamynda halkara žurnallaryň maliýe şertlerini seljermek: tölegsiz neşir mümkinçiliklerinden we neşirýat ýeňilliklerinden peýdalanmak ýaly temalar boýunça çykyşlar edildi. Usuly-okuw maslahatynyň ahyrynda gatnaşyjylar özlerini gyzyklandyrýan sowallaryna degerli jogaplary aldylar.
Elmira GYLYJOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby