16/12/2024
66
Okuw-usuly maslahat geçirildi
2024-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti «Türkmenistanyň ýokary hünär biliminiň taýýarlygyň ugurlary we hünärleri boýunça okuw meýilnamalaryny işläp düzmegiň we tassyklamagyň Tertibinden» hem-de «Ýokary okuw mekdebinde okuw meýilnamasynyň umumy we ýörite hünär dersler toplumyna girýän dersleriň katalogyny işläp düzmegiň Tertibinden» gelip çykýan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek maksady bilen, onlaýn okuw-usuly maslahaty geçirdi. Bu maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw bölüminiň hünärmenleri we kafedralarynyň müdirleri gatnaşdy. Maslahatda oňa gatnaşyjylar milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine esaslanyp, bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmak maksady bilen, okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny, ylmy-usulyýet ugurlaryny kämilleşdirmek barada pikir alyşdylar.
Ylym we bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, ony hil taýdan täze derejä çykarmak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirt uly meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge ukyply ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen giň gerimli işlere aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan möhüm wezipeleri döwletimiziň intellektual kuwwatyny pugtalandyrmaga, ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir.
Okuw-usuly maslahatda kämil hünärmenleri ýetişdirmek bilen bagly hödürlenen teklipler hem ýurdumyzda ylym we bilim ulgamyny mundan beýläk-de özgertmegiň esasyny düzýär.
Mähriban GANDYMOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.