20/11/2024
82
Mugallymymyzyň gazanan üstünligi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi we dünýäniň ösen tejribelerine, döwrebap ylma çuňňur aralaşmaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän, döredijilikde we zähmetde aýratyn tapawutlanýan we işjeňlik görkezýän ýaşlar döwlet tarapyndan gowşurylýan hormat hatlary, sylaglar bilen höweslendirilýär.
Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy Sülgün Nepesowa ýurdumyzda alnyp barylýan içeri we daşary syýasaty, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri, olaryň ýurdumyzyň, halkymyzyň durmuşyndaky taryhy ähmiýetini il arasynda wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezendigi üçin hormat haty berildi.
Mugallymymyzy gazanan bu üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys we ýaşlara ylym-bilim bermekde, ýurdumyzyň üstünliklerini wagyz etmekde we alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw edýäris.
Amanmyrat MYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.