Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Merkezi Aziýa — aýlagyň arap döwletleri: sebitara hyzmatdaşlykda möhüm ugurlar
    Merkezi Aziýa — aýlagyň arap döwletleri: sebitara hyzmatdaşlykda möhüm ugurlar surady
    25/07/2023

    1040

    Merkezi Aziýa — aýlagyň arap döwletleri: sebitara hyzmatdaşlykda möhüm ugurlar

    Ata Watanymyz Türkmenistan gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen deňhukukly, dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen döredijilikli daşary syýasat ýörelgesine ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar. Muňa 19-njy iýulda hormatly Prezidentimiziň Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde ilkinji gezek geçirilen Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmagy doly aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.

    HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ AÝLAGDAKY ARAP DÖWLETLERINIŇ HYZMATDAŞLYK GEŇEŞINE AGZA ÝURTLARYŇ HEM-DE MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ SAMMITINDÄKI BEÝAN EDEN GARAÝYŞLARY, ÖŇE SÜREN TEKLIPLERI:

    ■ Bar bolan ählumumy wehimler we howplar babatda döwletlerimiziň tagallalaryny birleşdirmek hem-de zerur bolan çözgütleri kabul etmek maksady bilen, Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň daşary işler ministrleriniň hemişelik esasda hereket edýän maslahatyny döretmek maksadalaýyk hasaplanýar.

    ■ Ulag ulgamynda tagallalary utgaşdyrmak üçin Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýurtlarynyň Ulag komitetini döretmek teklip edildi.

    ■ Energetika pudagynda bilelikdäki hereketleriň mümkinçiliklerini seljermek we maslahat bermek işlerini alyp barjak Energetika boýunça bilelikdäki iş toparyny döretmek baradaky teklip beýan edildi.

    ■ Merkezi Aziýa we Aýlag ýurtlarynyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, özara söwda dolanyşygynyň möçberini yzygiderli artdyrmak maksady bilen, Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýurtlarynyň Söwda edarasyny döretmek baradaky teklip öňe sürüldi.

    ■ 2024-nji ýylda Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýurtlarynyň birinji maýa goýum forumyny geçirmek teklip edildi.

    ■ Medeni hyzmatdaşlygyň täze platformasyny — Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň Medeniýet dialogyny döretmek teklibi beýan edildi.

    ■ Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň Ekologiýa geňeşiniň döredilmegi baradaky meselä seretmek teklip edildi.

    ■ Lukmançylyk diplomatiýasy babatdaky gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, 2025-nji ýylda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň Lukmançylyk kongresini geçirmek baradaky teklip öňe sürüldi.

    ■ Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň Birinji halkara sport oýunlaryny guramak üçin Türkmenistan bar bolan ähli döwrebap sport infrastrukturasyny hödürlemäge, oýunlara gatnaşyjylar üçin iň amatly şertleri döretmäge taýýardyr.

    Taryhyň geosyýasy şertleriniň has ýitileşen döwürlerinde döwletara, sebitara hyzmatdaşlyga derwaýyslyk has hem artypdyr. Geçmişde bolup geçen wakalar dünýä döwletlerini, aýratyn hem, goňşuçylykda, bir yklymda ýerleşýän döwletleri ýakynlaşdyrmaga, ykdysady, syýasy meseleleri bilelikde çözmäge ýardam edipdir. Häzirki wagtda aýry-aýry sebitler boýunça köp sanly guramalardyr hyzmatdaşlyklar hereket edýär. Şolaryň biri-de Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşidir. Ol 1981-nji ýylyň 25-nji maýynda döredilip, Aýlagyň alty döwletini: Bahreýn Patyşalygyny, Katar Döwletini, Kuweýt Döwletini, Birleşen Arap Emirliklerini, Oman Soltanlygyny hem-de Saud Arabystany Patyşalygyny öz içine alýar. Guramany döretmek başlangyjy Saud Arabystanyna degişlidir.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI