13/11/2024
209
«Kitap marafonunyň» ýeňijileri sylaglanyldy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynda “Biz kitaphon jemgyýeti kemala getirmelidiris. Munuň üçin dünýä tejribesinden nusga alyp, öz tejribelerimizi peýdalanyp, käbir zatlary has kämilleşdirip, milli öwüşginler bilen baýlaşdyryp bileris. Ýurdumyzda her ýylda kitap okamagyň biraýlygyny yglan etsek, has göwnemakul bolardy” diýen çuňňur manyly sözlerinden ylham alyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň «Ýaş alymlar geňeşiniň» gurnamagynda ýurdumyzyň talyplarynyň we magistrleriniň arasynda 2024-nji ýylyň 13-nji oktýabryndan 13-nji noýabry aralygynda «Kitap marafony» geçirildi. Ýaşlarda kitap okamak endigini ösdürmek, pikirlenmegi we hyýaly düşünjeleri kämilleşdirmek, döredijilik ukybyny, söz baýlygyny artdyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden 2024-nji ýylyň 12-nji oktýabryna çenli 336 sany gatnaşyjy hasaba alyndy. Bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, 13-nji noýabrda onuň jemi jemlenildi we ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Tapawutlanan gatnaşyjylar bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Olara institutymyzyň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Gündogaryň beýik söz ussady, akyldar şahyr Magtymguly Pyragy «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýip, kitap okamagyň ähmiýeti barada örän jaýdar belläp geçipdir. Dünýä alymlarynyň hem tassyklaýşy ýaly, kitap okamagy ýaşlykdan endik edinen adamyň ýatkeşligi güýçli, söz gory baý, zehini ýiti, paýhasy dury bolýar. Ýaşlaryň arasynda kitap okamak endigini ösdürmek maksady bilen geçirilen «Kitap marafony» üçin halypa diplomat, ussat ýazyjy Gylyç Kulyýewiň «Emiriň ilçisi» atly taryhy romanynyň saýlanylyp alynmagy ýaş nesilleriň dünýä halklarynyň taryhyna bolan gyzyklanmasynyň artmagyna, olarda watansöýüjilik, ynsanperwerlik duýgularynyň kämilleşmegine uly goşant goşdy. Bu marafonyň dowamynda gatnaşyjylara gündelik sowallaryň berilmegi, kitap barada özara pikir alyşmalaryň we birnäçe gyzykly çäreleriň guralmagy bagtyýar talyp ýaşlarda kitap okamak endiginiň kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýe boldy. «Kitap marafonuna» gatnaşyjylar ýurdumyzda ýaş nesillere okamaga, öwrenmäge, döretmäge, zehin başarnyklaryny açyp görkezmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Yhlas HALLYÝEW,
Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.