Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Iordaniýa Haşimit patyşalygy
    Iordaniýa Haşimit patyşalygy surady
    30/11/-0001

    958

    Iordaniýa Haşimit patyşalygy

    Dünýäde Iordaniýa ady bilen tanalýan bu patyşalyk Aziýa, Afrika we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýän arap döwletidir. Döwlet dili arap dili bolan bu ýer arap döwletleriniň arasynda “El-Memleketü’l-Ürdüniyyetü’l-Hâşimiyye” diýlip tanalýar. Onuň gündogarynda we günortasynda Saudy Arabystan patyşalygy, demirgazygynda Siriýa, demirgazyk-gündogarynda Yrak we günbatarynda Ysraýyl döwleti ýerleşýär.
    Tebigy ýerleşişi boýunça bu döwletiň gündogarynda Şeria derýasy we günbatarynda Lut köli ýerleşýär. Ýurt tebigy şertleri boýunça ýarym guraksy klimata degişlidir. Onuň tutýan meýdany 89 müň inedördül kilometre barabardyr. Şonuň bilen bir hatarda 10 milliondan gowrak ilaty bar. Bu görkezijä laýyklykda, Iordaniýa patyşalygy arap döwletleriniň arasynda ilat sany boýunça 11-nji ýerde durýar. Ilatynyň aglaba bölegi yslam dinine uýýar. Şonuň ýaly-da hristiançylyk dinine uýýanlar hem ilatyň galan bölegini, ýagny 4 göterimini düzýär. Paýtagty we iň uly şäheri Amman şäheri hasaplanylýar. Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Döwlet senasy "Âşe'l-Melik" ady bilen tanalýar. Onuň ady “Patyşa şöhrat bolsun!” diýmegi aňladýar.
    Iordaniýa Haşimit patyşalygy dolandyrylyşy boýunça monarhiýa döwleti bolup, häzirki wagtda patyşa Abdullah II tarapyndan dolandyrylýar. Ol şonuň bilen bir hatarda, patyşalygyň düzümindäki ýaragly goşuna hem ýolbaşçylyk edýär. Patyşalyk çäk bölünişigi boýunça unitar döwletleriň hatarynda durýar.
    Patyşalygyň dolandyrylyş ulgamynda parlament hereket edip, onuň demokratik ýörelgelere laýyklykda, saýlawlaryň geçirilmegine Senat ýolbaşçylygy amala aşyrýar we gözegçilik edýär. Iordaniýanyň parlamenti 2 palatadan ybarat bolup, olar özara sazlaşykly işi amala aşyrýarlar. Parlamenti düzýän bu palatalar Mejlis we Senat, ýagny Majlis al-Nuwaab we Majlis al-Aayan diýlip atlandyrylýar. Senat ýa-da döwletiň öz dilinde aýdylanda Majlis al-Aayan, umumy sany 60-a deň bolan agzalar tarapyndan emele getirilýär. Senatyň agzalarynyň her biri Patyşa tarapyndan saýlanylýar. Parlamentar Mejlisi bolsa, 120 agzadan ybaratdyr. Aayan Mejlisi ýokarky palata hökmünde tanalýar. Şeýle hem, aşaky palatany wekiller Mejlisi emele getirýär.
    Iordaniýa döwletinde köp partiýaly ulgam hereket edyär. Saýlawlarda 40-dan gowrak syýasy partiýalar agzalyga dalaş etmäge hukugy bar bolsa, galan beýleki agzalary garaşsyz ýagdaýda saýlawlarda dalaşgär bolmak hukugyna eýedirler.
    Iň soňky gezek ýurtda parlament saýlawlary 2013-nji ýylyň ýanwar aýynyň 23-ne geçirildi.

    Agakuwwat ALLABERDIÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy we deňeşdime hukuk öwreniş
    kafedrasynyň öwreniji mugallymy.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI