10/05/2024
804
Hyzmatdaş institutyň wekilleri bilen duşuşyk
Türkmenistanyň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Halkara Merkezi Aziýa institutynyň (Özbegistan) ýolbaşçylarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Halkara gatnaşyklary istitutynyň rektory J.Ş.Gurbangeldiýew, istitutyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň direktory Ş.A. Şiriýew we merkeziň hünärmenleri, özbek tarapyndan bolsa Halkara Merkezi Aziýa institutynyň direktory Ž.A.Wahabow hem-de şol institutyň bilermenleri gatnaşdylar. Onlaýyn-duşuşyk türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de şu ýyl meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn resmi saparlar nazara alnyp guraldy. Pikir alyşmanyň dowamynda rektor J.Ş.Gurbangeldiýew özbek kärdeşlere institutyň gurluşy, alyp barýan möhüm işleri we institutlaryň arasynda ýola goýlan özara hyzmatdaşlygyň çäginde meýilleşdirilýän çäreler barada gürrüň berdi. Halkara Merkezi Aziýa institutynyň direktory Ž.A.Wahabow hem türkmen-özbek gatnaşyklarynyň pugtalanmagy ugrunda bilim, ylmy-barlag institutlarynyň gymmatly goşantlarynyň bardygyny nygtap, bu ugurda dogan halklarymyzyň asuda gelejegi üçin bilelikde işlemegiň gerekdigini aýtdy. Ol özüniň ýaňy-ýakyndan bäri ýolbaşçylyk edýän institutynyň Merkezi Aziýa sebitindäki ýurtlaryň jebisligi we özara peýdaly hyzmatdaşlygy ugrunda alyp barýan işleri barada gysgaça aýdyp berdi. Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziň direktory Ş.A.Şiriýew terrorçylyga, radikalizme, ektremizme, transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga we neşe kontrabandasyna garşy göreş, kiberhowpsuzlyk, howanyň üýtgemegi, suw ýetmezçiligi ýaly derwaýys meseleleriň üstünde durup geçdi hem-de bu ugurlarda arkalaşykly we sazlaşykly iş alyp barmagyň wajypdygyny belledi. Pikir alyşmak we bilelikdäki meýilnamalary kesgitlemek jähtinden geçirilen bu onlaýyn-duşuşyk örän ýerlikli we peýdaly boldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi.