05/06/2025
119
Halypa žurnalistler bilen duşuşyk
2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň «Ýaş žurnalistler» ylmy-döredijilik gurnagy tarapyndan halypa žurnalistleriň, professor-mugallymlaryň talyp ýaşlar bilen duşuşygy geçirildi. Oňa türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde bilim alýan ýaş žurnalistler gatnaşdylar.
Duşuşykda TDH-nyň habarçylar bölüminiň müdiri, halypa žurnalist Gylyçmyrat Gurbanow çykyş etdi. Ol öz çykyşynda durmuş ýoly bilen baglanyşykly wakalaryň üsti bilen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň geljekki wekillerine gyzykly gürrüňleri berdi. Şeýle-de ýurdumyzda bolup geçýän wakalar bilen okyjylary öz wagtynda tanyş etmek we materiallaryň beýan ediliş ussatlygyna üns bermek dogrusynda hem belledi.
Talyplar duşuşyga gelen halypa žurnaliste özlerini gyzyklandyrýan soraglar bilen ýüzlendiler. Çäräniň ahyrynda bolsa oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.
Sare ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.