13/02/2024
938
“Halkyň ruhy binýady - Magtymguly Pyragy” atly sanly ulgam arkaly okuw-usuly maslahatyna gatnaşyldy
2024-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyň şygary we Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli “Halkyň ruhy binýady - Magtymguly Pyragy” atly sanly ulgam arkaly okuw-usuly maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor mugallymlary we talyp ýaşlary şeýle-de beýleki ýokary okuw mekdepleriniň talyplary şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO klubynyň işjeň agzalary online arkaly gatnaşdylar.
Maslahatyň başynda sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär Sekretary Çynar Rüstemowanyň çykyşy diňlenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz” atly ÝUNESKO klubynyň işjeň agzasy, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynyň “Parahatçylygyň dilleri” atly ÝUNESKO klubynyň başlygy, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk Akademiýasynyň “Ahalteke atlary –parahatçylygyň ilçileri” atly ÝUNESKO klubynyň Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO klubynyň başlygy we sanly ulgam arkaly gatnaşyp Türkmen oba hojalyk institutynyň “Daşky gurşawy goramak – durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy” ÝUNESKO klubynyň başlygy çykyş etdiler.
Çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň özüniň gözel hem-de çuň manyly döredijiligi bilen türkmen we dünýä edebiýatynyň baý hazynasyna ägirt uly goşant goşan beýik pelsepeçidigi şeýle-de şahyryň häzirki wagta çenli paýhas we ahlak çeşmesi bolup gelýän eserleriniň ähmiýeti, ol eserleriň dünýäniň dürli künjeklerinde gyzgyn garşylanandygy barada aýratyn belläp geçdiler. Täsirli geçen maslahatyň ahyrynda türkmen halkyna beýik şahyryň arzuwlan zamanasyny peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy arzuw edildi.
Aýgözel AŞIROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň öwreniji mugallymy