948
«Frankophonie» bäsleşigi
Fransuz dili — diplomatiýanyň dili hasaplanýar. «Frankophonie» bäsleşigi ýaşlaryň bu dili öwrenmäge bolan islegini artdyrmak, ýurduň taryhy we medeni däpleri bilen tanyşmak üçin döredildi.Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň,
Fransiýanyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň we onuň ýanyndaky Fransuz institutynyň guramagynda Halkara frankofoniýa güni mynasybetli, mart aýynyň 9 — 31-i aralygynda «Francophonie — 2023» atly bäsleşik geçirildi. Ol ýurdumyzda 15 ýyl bäri uly dabara bilen geçirilip gelinýär. Oňa Fransuz institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň bu dili öwrenýän talyplary gatnaşdylar. Bäsleşik üç tapgyrda,ýagny düzme ýazmak, aýdym aýtmak hem-de orfografiýa — dürs sözleýiş ýaly ugurlar boýunça geçirildi.
Bäsleşigiň netijesinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Muhammedowa Selbi, Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Amanberdiýew Baýramdurdy, Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Goňurow Berdinyýaz, Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Ödegurbanowa Gurbanjemal bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Gülşat ÇETILIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.