
70
«EXPO – 2025» BÜTINDÜNÝÄ SERGI ÖZ IŞINE BAŞLADY
Ýaponiýanyň Osako şäherinde 2025-nji ýylyň 13-nji aprelinde «EXPO – 2025» Bütindünýä sergisi öz işine başlady. Sergi 2025-nji ýylyň 13-nji aprelinden 13-nji oktýabryna çenli dowam edýär. Serginiň mowzugy – «Ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris». Onuň resmi maksatlary Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna goşant goşmak hem-de Ýaponiýanyň «Jemgyýet 5.0» milli strategiýasyny durmuşa geçirmek bolup durýar. Bu strategiýa sanly tehnologiýalaryň, şol sanda emeli intellekt, robot tehnikasy, uly maglumatlar (big data) we beýleki döwrebap çözgütler arkaly durmuş meselelerini çözmek we ykdysady ösüş gazanmak üçin niýetlenendir. Şeýle hem, sergi Ýaponiýanyň tehnologiýa we adamzat ösüşi babatynda döwrebap ädim hökmünde taryha girer.
«EXPO – 2025» täze tehnologiýalary durmuşa geçirmek üçin platforma bolmak bilen, ol, Smart Mobility Expo uçýan ulaglary, robot tehnologiýalaryny, ösen şahsy hereket mümkinçiliklerini we zyňyndysyz ulag serişdelerini hödürleýär. Virtual Expo arkaly sergä dünýäniň islendik ýerinden wirtual görnüşde gatnaşmaga mümkinçilik döredilýär. Digital Expo sanly tehnologiýalaryň iň täze gazananlaryny görkezmek üçin meýilleşdirilýär: myhmanlara şahsy kömekçilerden başlap, robot terjime ulgamlaryna çenli köp sanly çözgütler görkezilýär.
«EXPO – 2025» Bütindünýä sergisiniň çäginde Türkmenistan 160-a golaý ýurduň arasynda öz Milli günini ilkinjileriň hatarynda geçirmek hormatyna eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz Ýaponiýanyň «EXPO – 2025» Bütindünýä sergisi boýunça ministri Ito Ýoșitaka bilen bilelikde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaralara gatnaşdy. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýokary derejede taryhy çykyşy boldy. Şeýle hem, Türkmenistanyň milli pawilýonynyň toý bagynyň kesilmegi buýsançly wakalaryň birine öwrüldi. Belent mertebeli myhmanlar ýurduň taryhyny, gözel tebigatyny, milli baýlyklaryny, 3D animasiýa görnüşinde taýýarlanan wideoșekile tomaşa etdiler. Binanyň ikinji gatynda Arkadag șäheriniň, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň sergi eksponatlary ýerleşdirilýär. Üçünji gatda bolsa myhmanlara türkmen milli tagamlary hödürlenilýär. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň milli medeniýeti, däp-dessurlary hem-de Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan ykdysady üstünlikleri görkezildi.
«EXPO – 2025»-iň geçirilmegi, diňe bir Ýaponiýada däl, eýsem global derejede durnukly ösüşi üpjün etmäge we halkara hyzmatdaşlygyň artmagyna uly gosant goşar. Türkmenistan bu sergi arkaly halkara derejesinde öz uly ösüşlerini görkezmek we täze işewürlik mümkinçiligini döretmek üçin möhüm mümkinçiliklerden peýdalanar.
Gülaýym BAKYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.