21/11/2026
23
Ýagşylyk dünýäni özgerdýär
Ynsanperwerlik, rehimdarlyk we sahawatlylyk türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan milli ýörelgeleridir. Mätäje goldaw bermek, hemaýata mätäç çagalaryň sagdyn we sazlaşykly ösmegi üçin alada etmek halkymyzyň ruhy dünýäsinde aýratyn orun eýeleýär. Şu asylly ýörelgeleriň häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagy ýaşlaryň jemgyýetçilik işjeňliginde hem öz beýanyny tapýar. Düýn — 20-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Bütindünýä çaga güni mynasybetli geçirilen «Dünýäni özgerdýän ýagşylyk» atly sergi-ýarmarka şeýle ynsanperwer başlangyçlaryň biridir.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen hyzmatdaşlykda guralan bu çäre ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekillerini, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynydyr talyp ýaşlaryny, mekdep okuwçylaryny bir ýere jemledi. Sergi-ýarmarkanyň esasy maksady Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işlerine ýaşlaryň öz mynasyp goşandyny goşmagyndan ybaratdyr. Şunda dürli ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň öz hünär ugurlaryna degişli sergileri ýaýbaňlandyrmaklary aýratyn ähmiýetlidir. Olarda milli tagamlar, el işleri, bezeg önümleri, alajalar, şaý-sepler we dürli sowgatlyklar myhmanlara hödürlenildi. Sergi bölümleri bilim bilen ýagşylygyň, döredijilik bilen haýyr-sahawatyň özara utgaşmasyny emele getirdi.
Taýýarlanan döredijilik işleri, milli gymmatlyklarymyzy şöhlelendirýän önümler we dürli sowgatlyklar ýaşlaryň zehinini, zähmetsöýerligini hem-de döredijilik mümkinçiliklerini açyp görkezdi. Çäräniň dowamynda gazanylan serişdeleriň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna gönükdirilmegi bu başlangyjyň ynsanperwer maksadyny aýdyň görkezdi. Ýeri gelende, şeýle mazmunly sergi-ýarmarkanyň geçen ýyl hem üstünlikli guralyp, giň jemgyýetçilik goldawyna eýe bolandygyny buýsançly bellemelidiris.
Mälim bolşy ýaly, çagalaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak halkara jemgyýetçiliginiň hem möhüm wezipeleriniň biridir. Her ýylyň 20-nji noýabrynda bellenilýän Bütindünýä çaga güni bu ugurdaky tagallalary birleşdirmäge hyzmat edýär. Hut şu senede, 1959-njy ýylda Çaganyň hukuklary hakyndaky Jarnama, 1989-njy ýylda bolsa Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýa kabul edildi. Türkmenistan döwletimiz hem çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça esasy halkara resminamalaryna goşulmak bilen, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürýär. Ýakynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilen «COP31» halkara maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň «Çagalar, ýaşlar we howanyň üýtgemegine garşy hereket hakynda Jarnama» goşulmagy möhüm ähmiýete eýedir. Bu başlangyç daşky gurşawy goramak hem-de durnukly ösüş bilen baglanyşykly çözgütlerde çagalaryň hukuklaryny we bähbitlerini nazara almagyň möhümdigine ünsi çekýär. Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde Bütindünýä çaga gününe gabatlanyp guralan «Dünýäni özgerdýän ýagşylyk» atly sergi-ýarmarka hem çagalaryň bagtyýar geljegine gönükdirilen asylly işleriň dowamat-dowamdygyny ýene bir gezek aýdyň görkezdi.
Hakykatdan-da, ýagşylyk etmek üçin uly mümkinçiliklere eýe bolmak hökman däl. Käwagt bir kiçijik sowgat, döredijilikli zähmetiň netijesi, ýürekden edilen goldaw ýa-da mähirli söz hem uly güýç. Şu jähetden, bu sergi-ýarmarka ýaş nesliň kalbynda ynsanperwerlik duýgusyny ösdürmekde, haýyr-sahawat medeniýetini berkitmekde çuňňur mazmuna eýedir. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda belleýşi ýaly: «Ýagşylyk, haýyr-yhsan, sahawat, delalat — bular ýüreklerde ýagşy täsirleri oýarýan düşünjelerdir».
Merjen GURBANNAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.
Çeşme: «Nesil» gazeti, 21.11.2026 ý.