25/11/2024
67
EMELI AŇA BAGYŞLANAN OKUW SAPAGY
2024-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Emeli aňyň ykdysady pudaklarda ulanylyşy» atly okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyna institutyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Bu okuw sapagy institutyň Halkara gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymlary tarapyndan geçirildi. Okuw sapagynyň dowamynda mugallymlar häzirki zaman innowasion tehnologiýalar döwründe emeli aňyň ösüşi we kämilleşdirlişi, emeli aňyň sanly ykdysadyýetde tutýan möhüm orny, onuň ykdysadyýetiň ösüş depginine ýetirýän täsiri barda gürrüň berdiler.
Sapagyň has-da önjeýli we netijeli bolmagy üçin mugallymlar emeli aň barada talyplar bilen pikir alyşdylar.
Mahym KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşykalary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.