Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmeklik asyrlara mynasypdyr
    Dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmeklik asyrlara mynasypdyr surady
    11/11/2023

    910

    Dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmeklik asyrlara mynasypdyr

    Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynda ajaýyp üstünlikleriň gazanylyp, dünýä halklary bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlyklaryň ösdürilýän ajaýyp zamanasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystana bolan sapary Türkmenistanyň we Türki Döwletleriniň arasyndaky dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze sepgitlere çykarmaklykda möhüm ähmiýete eýedir.
    Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarly bolan ata Watanymyzyň halkara derejede abraýy barha artýar. Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak, döwletara gatnaşyklarda hyzmatdaşlygy berkitmek babatda halkara ähmiýetli tagallalary durmuşa geçirýär. Bu günki gün dünýä ýüzünde Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hökmünde giňden tanalýar.
    Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden bäri Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna ygrarly bolup, Merkezi Aziýa döwletleri bilen oňyn gatnaşyklary ýola goýýar. Muňa sebit ýurtlaryna, şol sanda Gazagystan Respublikasyna saparlary hem şaýatlyk edýär. Dürli derejelerdäki geçirilýän duşuşyklaryň dowamynda türkmen-gazak gatnaşyklaryna we onuň geljegine garaldy, syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyldy.
    Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 3-nji noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy Sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda ýurdumyz Türki Döwletleriň Guramasyna synçy hökmünde goşuldy we häzirki wagtda türkmen tarapynyň Türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň birleşigine girmegi bilen bagly degişli işler geçirilýär. Mundan başga-da Gahryman Arkadagymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular Geňeşiniň agzasy bolup durýar we bu düzümiň işine işjeň gatnaşdy.
    “Türki döwür” şygary astynda geçen şu gezekki sammit guramanyň giň gerimli gün tertibini ýokary derejede ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi. Onuň esasy maksady türki dilli ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, umumy taryhy-medeni mirasyň hem-de umumy diliň esasynda sebitde parahatçylyga, durnuklylyga ýardam bermekden ybarat boldy.
    Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we netijelilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirip, gyzyklanma bildirýän taraplar, abraýly sebit we halkara guramalar bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär. Türkmen halkyny Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň halklary bilen taryhy kökleriň, medeni-ruhy däpleriň umumylygy baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde bu düzüme agza döwletleriň arasyndaky gatnaşyklar hil taýdan täze many-mazmun bilen tapawutlanýar. Munuň özi köpugurly netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin amatly mümkinçilikleri döredýär.
    2009-njy ýylda döredilen Türki geňeşiň işi parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, hyzmatdaşlygy, özara gatnaşyklary giňeltmäge, şeýle hem gurama agza ýurtlaryň mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilendir. 2021-nji ýylyň noýabrynda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Stambulda geçirilen VIII sammitinde bu düzümiň ady “Türki Döwletleriň Guramasy” diýlip üýtgedildi. Azerbaýjan Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Türkiýe Respublikasy we Özbegistan Respublikasy onuň agzalary bolup durýar. Wengriýa Türki Döwletleriň Guramasynda synçy derejesine eýedir. 2021-nji ýylda bu derejäniň biziň ýurdumyza-da berlendigini bellemek gerek. Munuň özi däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň täze tapgyrynyň başlanýandygyny alamatlandyrdy.
    Türkmenistan Türki Döwletleriň Baştutanlarynyň duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşýar we uzak möhletleýin esasda guralýan hem-de umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlyga ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga gönükdirilen oňyn başlangyçlary öňe sürýär.
    Türkmenistan goňşy döwlet bolan Gazagystan bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda ýola goýuldy. Iki Lideriň erk-islegi bilen bu gatnaşyklar häzirki döwürde öz ähmiýetini artdyrýar. Ikitaraplaýyn ýokary derejedäki oňyn syýasy dialogyň işjeňleşdirilmegi türkmen-gazak gatnaşyklarynyň hil taýdan ýokary derejä eýe bolmagyny gazandy.
    2017-nji ýylyň aprelinde gol çekilen ýurtlaryň arasynda strategiki hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamada Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň geljeginiň esasy ugurlary bellenilendir.
    Halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, berkarar türkmen döwletiniň dowamatynyň dowam bolmagy ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

    Sülgün NEPESOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI