Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmeklik asyrlara mynasypdyr
    Dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmeklik asyrlara mynasypdyr surady
    11/11/2023

    911

    Dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmeklik asyrlara mynasypdyr

    Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynda ajaýyp üstünlikleriň gazanylyp, dünýä halklary bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlyklaryň ösdürilýän ajaýyp zamanasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystana bolan sapary Türkmenistanyň we Türki Döwletleriniň arasyndaky dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze sepgitlere çykarmaklykda möhüm ähmiýete eýedir.
    Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarly bolan ata Watanymyzyň halkara derejede abraýy barha artýar. Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak, döwletara gatnaşyklarda hyzmatdaşlygy berkitmek babatda halkara ähmiýetli tagallalary durmuşa geçirýär. Bu günki gün dünýä ýüzünde Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hökmünde giňden tanalýar.
    Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden bäri Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna ygrarly bolup, Merkezi Aziýa döwletleri bilen oňyn gatnaşyklary ýola goýýar. Muňa sebit ýurtlaryna, şol sanda Gazagystan Respublikasyna saparlary hem şaýatlyk edýär. Dürli derejelerdäki geçirilýän duşuşyklaryň dowamynda türkmen-gazak gatnaşyklaryna we onuň geljegine garaldy, syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyldy.
    Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 3-nji noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy Sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda ýurdumyz Türki Döwletleriň Guramasyna synçy hökmünde goşuldy we häzirki wagtda türkmen tarapynyň Türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň birleşigine girmegi bilen bagly degişli işler geçirilýär. Mundan başga-da Gahryman Arkadagymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular Geňeşiniň agzasy bolup durýar we bu düzümiň işine işjeň gatnaşdy.
    “Türki döwür” şygary astynda geçen şu gezekki sammit guramanyň giň gerimli gün tertibini ýokary derejede ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi. Onuň esasy maksady türki dilli ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, umumy taryhy-medeni mirasyň hem-de umumy diliň esasynda sebitde parahatçylyga, durnuklylyga ýardam bermekden ybarat boldy.
    Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we netijelilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirip, gyzyklanma bildirýän taraplar, abraýly sebit we halkara guramalar bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär. Türkmen halkyny Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň halklary bilen taryhy kökleriň, medeni-ruhy däpleriň umumylygy baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde bu düzüme agza döwletleriň arasyndaky gatnaşyklar hil taýdan täze many-mazmun bilen tapawutlanýar. Munuň özi köpugurly netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin amatly mümkinçilikleri döredýär.
    2009-njy ýylda döredilen Türki geňeşiň işi parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, hyzmatdaşlygy, özara gatnaşyklary giňeltmäge, şeýle hem gurama agza ýurtlaryň mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilendir. 2021-nji ýylyň noýabrynda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Stambulda geçirilen VIII sammitinde bu düzümiň ady “Türki Döwletleriň Guramasy” diýlip üýtgedildi. Azerbaýjan Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Türkiýe Respublikasy we Özbegistan Respublikasy onuň agzalary bolup durýar. Wengriýa Türki Döwletleriň Guramasynda synçy derejesine eýedir. 2021-nji ýylda bu derejäniň biziň ýurdumyza-da berlendigini bellemek gerek. Munuň özi däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň täze tapgyrynyň başlanýandygyny alamatlandyrdy.
    Türkmenistan Türki Döwletleriň Baştutanlarynyň duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşýar we uzak möhletleýin esasda guralýan hem-de umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlyga ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga gönükdirilen oňyn başlangyçlary öňe sürýär.
    Türkmenistan goňşy döwlet bolan Gazagystan bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda ýola goýuldy. Iki Lideriň erk-islegi bilen bu gatnaşyklar häzirki döwürde öz ähmiýetini artdyrýar. Ikitaraplaýyn ýokary derejedäki oňyn syýasy dialogyň işjeňleşdirilmegi türkmen-gazak gatnaşyklarynyň hil taýdan ýokary derejä eýe bolmagyny gazandy.
    2017-nji ýylyň aprelinde gol çekilen ýurtlaryň arasynda strategiki hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamada Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň geljeginiň esasy ugurlary bellenilendir.
    Halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, berkarar türkmen döwletiniň dowamatynyň dowam bolmagy ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

    Sülgün NEPESOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI