Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
        • PRESENTATION COMPETITION WAS HELD
    • International cooperation
      • Meetings
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
        • SCIENTIFIC-PRACTICAL CONFERENCE WAS HELD
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / International days / Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeligi
    Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeligi surady
    31/07/2023

    1560

    Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeligi

    Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeligi (World Breastfeeding Week) Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň başlangyjy bilen her ýyl 1-7-nji awgust aralygynda geçirilýär. Onuň döredilmegine 1990-njy ýylda BSGG-niň Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegi höweslendirmäge hem-de goldamaga gönükdirilen Innoçet jarnamasynyň kabul edilmegi sebäp bolýar.

    Dünýäniň 170-den gowrak döwletinde Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeligi giňden bellenilýär. Onuň esasy maksady - zenanlara ene süýdüniň çaganyň saglygyna nähili peýdalydygy barada habar bermekden, jemgyýetçilik köpçüligine ene süýdüniň çagany keselleriň köpüsinden gorap biljekdigini düşündirmekden ybaratdyr.

    Mälim bolşy ýaly, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy çaganyň 6 aýa çenli diňe ene süýdi bilen iýmitlendirilmeginiň möhümdigini belleýär. Diňe şondan soň, goşmaça iýmitler bilen birlikde, çaga azyndan iki ýaşaýança, ene süýdüni kesmän bermegi maslahat berýär.

    Ene süýdi – bäbek üçin diňe bir iň gowy iýmit bolman, eýsem, geljekde ýüze çykyp biläýjek dürli keselleriň öňüni almakda hem güýçli serişdedir. ÝUNISEF-iň maglumatlaryna görä, çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmeklik bäş ýaşa çenli çagalaryň 820 müňüsiniň ömrüni halas edip biler. Çünki ene süýdi kesellerden goraýan antitelalara baýdyr. Ene süýdi bäbejikleriň beýnisiniň ösüşine ýardam edýär, ýokanç kesellerden goraýar, semremek howpuny azaldýar.

    Türkmenistanda çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmek meselesine aýratyn üns berilýär. Muňa aýdyň subutnama hökmünde ýurdumyzda çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak we goldamak boýunça milli maksatnamanyň ornaşdyrylmagyny bellemek bolar. Ony durmuşa geçirmek üçin Enäniň we çaganyň saglygyny goramak barada ylmy-kliniki merkeziň binýadynda Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak we goldamak boýunça merkez döredildi.

    Enäniň çagany dogry we sagdyn ösdürip ýetişdirmegi üçin hem biziň ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Işleýän zenanlarymyza çagasy bellibir ösüş derejesine ýetýänçä tölegli zähmet rugsadynyň berilmegi, çaganyň ene süýdi bilen doly derejede üpjün edilmegine ýardam berýän ýeňillikleriň döredilmegi ata Watanymyzyň ýurdumyzyň geljegi bolan nesillerimiz üçin nähili uly alada edýändiginiň subutnamasydyr.

    Mähriban HUDAÝGULYÝEWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

    Latest News

    TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY! surady

    01/06/2025

    TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
    1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni surady

    31/05/2025

    1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
    INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN  TURKMENISTAN surady

    30/05/2025

    INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI