20/11/2024
107
Bütindünýä çaga güni mynasybetli mekdep okuwçylary bilen geçirilen okuw sapagy
Türkmenistan döwletimiz halkara bileleşigi bilen bir hatarda çagalaryň hukuklary we olaryň goraglygy bilen bagly halkara hukuk resminamalary kabul etmek we olary ýerine ýetirmek işlerinden başga-da halkara derejesindäki bellenilip baýramçylyklary hem giň gerimde dabaraly ýagdaýda belläp geçýär. Ynha, şular ýaly baýramçylyklaryň biri hem 1954-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýörite kabul edilen Kararnamasy esasynda her ýylyň 20-nji noýabrynda bellenilip geçilýän Bütindünýä çaga günüdir. Bu günüň bellenilmeginiň esasy maksady, BMG tarapyndan dünýädäki çagalar barada edilýän tagallalaryň, alnyp barylýan işleriň berkemegine gönükdirilendir. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasynda: “Bütindünýä çaga gününi ählumumy baýramçylyk hökmünde bellenmegi milletleriň arasynda raýdaşlygyň we hyzmatdaşlygyň has-da berkemegine getirer” diýip bellenilýär. Bu günde çagalaryň hukuklary bilen baglanyşykly birnäçe halkara resminamalary hem kabul edildi. Olardan 1959-njy ýylyň 20-nji noýabrynda kabul edilen “Çaganyň hukuklary hakyndaky Ykrarnamany” hem-de 1989-njy ýylyň 20-nji noýabrynda kabul edilen Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýany görkezmek bolar.
Bütindünýä çaga güni mynasybetli hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş alymlar geňeşi we Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň “Ýaş hukukçylar” ylmy gurnagynyň guramagynda Annanyýaz Artyk adyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 68-nji orta mekdebiniň okuwçylary bilen okuw sapagy geçirildi. Sapagyň dowamynda talyplar hem-de institutymyzyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň mugallymy Gülsenem Hommadowa Çagalaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýanyň mazmunyny, onuň ähmiýetini prezentasiýa we wideo şekilleriň üsti bilen türkmen, iňlis we rus dillerinde gürrüň berdiler hem-de sorag-jogap alyşdylar. Soraglara takyk jogap beren okuwçylara sowgatlar gowşuryldy. Bu okuw sapagy talyplarda hem-de mekdep okuwçylarynda uly täsir galdyrdy.
Babajan ROZYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.